Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR

Duýgy aklyň şiresidir.

Gülüň ysy gowy, miwäň — tagamy.

Egrem bolsa, belet ýoluňdan gitmeli.

Halal pul sowulýar, haram pul — sowrulýar.

Diňe ulanylmaýan gural däl, gulagam poslaýar.

Samsyklygyňy gizlemegiň iň ähtibarly usuly — geplemezlik.

Sargan zadyňy getirmedik gaharyňy getirýär.

Halal aşyňa ýeter, haram — başyňa.

Bergä-de batga batylyşy ýaly batylýar.

Zyňlan kesek degip duran bolsa, duran ýeriňi üýtgedip görmeli.

Ýagşylygy günde etseňem az, ýamanlygy ýylda etseňem kän.

Diňe öýüňi-işigiňi däl, kalbyňam arassalap durmaly.

Garrylyga-da gyşa taýýarlanyşyň ýaly taýýarlanmaly.

Özüňe seretmek üçin aýna hökman däl.

Diňe düwünçek däl, ýüregem, ýumrugam düwülýär.

Diňe pökgini ýa-da şary däl, ýüregem çişirýärler.

Akyl satýan kän-de, satyn alýan ýok.

Garşylyk görkezmek ukyby güýçli bolana keselem batyrnyp bilenok.

Sagymça: “Çeşmesine bereket!” diýmeli.

Iň ýakymly aýdym — hüwdi.

Agzybir — ozar, agzala — tozar.

Saglygyňy gemirýänem, omurýanam gam-gussa.

Islegiňe görä däl, mümkinçiligiňe görä ýaşalýar.

Çuňňur guýa daş atmaly däl.

Garraňsoň, söýgi mähre öwrülýär.

A.ANNABERDI.
Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05290 sek. ýüklenen baýt: 30278