Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ŞANLY SENÄNIŇ DABARASY
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
ŞANLY SENÄNIŇ DABARASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli ýoly ýylsaýyn rowaçlanýar. Munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň guwançly netijesidir. Bu syýasat ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleri öz içine almak bilen, Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynyň depginli ösüşine kuwwatly itergi berdi. Ajap eýýamymyzyň ýyllary içinde ata Watanymyz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň senagatynda ýetilen belent sepgitler üstümizdäki — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda--da ýeňişlere beslenýär. Senagatymyz ýurdumyzyň halk hojalygynyň düzüm bölegi bolmak bilen, bu pudagyň çalt depginler bilen ösdürilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna itergi berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda, maşyngurluşyk, himiýa pudagynda, gurluşykda we beýleki ugurlarda görkezijiler ata Watanymyzyň ösüşli menzillerine şaýatlyk edýär. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, halk hojalygynyň dürli pudaklaryna, öňi bilenem, senagata innowasion, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy giň gerime eýe bolýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli işler rowaçlanýar. Ýurdumyzyň senagat pudagynda öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlykly täze kärhanalaryň sany ýylsaýyn artyp, olaryň işçileri ýokary görkezijileri gazanýarlar. Şeýle hem dokma, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň zähmetsöýer adamlarynyň gazanýan ýeňişleri ykdysady ösüşlerimize uly itergi berýär.

Toýlary toýlara ulaşýan güneşli Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitler Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda-da guwanjymyza guwanç goşýar. Şanly seneleriň birem her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Senagat işgärleriniň günüdir. Bu baýramçylygy welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň işgärlerem ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşylaýarlar. Toý-baýramlarynyň dabarasy dag aşýan ajap eýýamymyzyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Şu ýeňişli menzilleriň rowaçlanmagyna senagat işgärleri saldamly goşantlaryny goşýarlar. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlere goşantly senagat işgärleriniň hünär baýramçylyklarynyň toýy uludan tutulyp, şanly senäniň dabarasy dag aşýar.
Okalan sany: 8   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05977 sek. ýüklenen baýt: 31125