Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ŞANLY ÝYLYŇ ŞATLYGY
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
ŞANLY ÝYLYŇ ŞATLYGY

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemlerine bagyşlanylan maslahatlar hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy giň gerime eýe bolýar.

Golaýda şeýle dabaranyň biri Murgap etrap merkezi kitaphanasynda hem geçirildi. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň işjeň agzalary we kitaphananyň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädänowa, kitaphanaçylar Gyzylgül Rejepowa, Aýgül Akyýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen Kararlar, çözgütler, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyna toý sowgady bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň many-mazmunynyň beýany hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Ýylyň taryhy wakalaryna bagyşlanan dabarada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseriň halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanandygy buýsanç bilen bellenildi. Munuň bilen bilelikde Arkadag Prezidentimiziň il-halky üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyş aýdyldy.

Ýolöten etrabynyň “Agzybirlik” daýhan birleşiginiň zähmetsöýer babadaýhanlary şu ýyl pagtanyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Agagurban Myradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 2-nji toparyň agzybir hem edermen kärendeçileri her bir işde bolşy ýaly, pagta ýygymynda--da köplere görelde bolýarlar. Bu toparyň pagtaçy kärendeçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda 73 gektar ýere gowaça ekip, pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler.
2-nji toparyň tejribeli kärendeçisi Kümüş Nobatowa 1 gektar ýere eýelik edip, hemişe ýokary hasyl almagy başarýar. Ol Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän ýylynda-da meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirmegi başardy. Kümüş Nobatowa şu günler meýdanda galan pagta hasylyny ýygnamagyny dowam etdirýär.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05682 sek. ýüklenen baýt: 30506