Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
YLMY-AMALY MASLAHATDA
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
YLMY-AMALY MASLAHATDA

Golaýda welaýat çagalar hassahanasynda ýurdumyzyň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň guramagynda «Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşiň» biraýlygy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn görnüşünde halkara derejesinde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de etrap, şäher saglyk öýleriniň onkolog lukmanlary gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda ilkinji bolup, Gazagystanyň onkologiýa ylmy-barlag institutynyň professory Zaura Duşemowa çykyş etdi. Professor häzirki wagtda, esasan-da, zenan maşgalalarda köp duş gelýän süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň usullary barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra ýurdumyzyň Onkologiýa ylmy--kliniki merkeziniň direktory Miwe Berdimyradowa, hem-de şol merkeziň alym hünärmenleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda ýurdumyzda bu möhüm mesele barada wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli guralýandygy, keseliň öňüni almakda we bejermekde zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi. Maslahatyň dowamynda süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşmek boýunça sowal-jogap alşyldy.
Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05941 sek. ýüklenen baýt: 29607