Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
EŞIDEN DEŇ BOLMAZ...
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
EŞIDEN DEŇ BOLMAZ...

Alymlaryň tassyklamagyna görä, adam daş-töwereginden alýan habarlarynyň tas 70 göterimini gözi bilen alýar. Makalamyň “Eşiden deň bolmaz...” diýlip atlandyrylmagyndan siz eýýäm görüp öwrenmek barada gürrüň ediljekdigini aňan bolsaňyz gerek! Ata-babalarymyzyň “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen paýhasly setirleri mugallymçylykda öz mynasyp ornuny tapandyr. Beýik rus pedagogy K.D. Uşinskiniň okatmagyň “Görkezme esbaply alnyp barylmagny çagalaryň tebigaty görnetin talap edýär” diýip bellemegi ýöne ýerden däldir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, pedagogika ylmynda görkezip okatmak usuly has ösendir. Haýsy synpda, haýsy dersden okadýandygyna garamazdan, her bir mugallymyň aňynda, tejribesinde okuwçylara sapakda görkezip okatmagyň zerurdygy, ähmiýetlidigi, netijelidigi mälimdir.

Maşgalada çaganyň öz ene-atasynyň edýän hereketini, diýýän sözlerini gaýtalajak bolşy ýaly, okuwçy hem mugallymyň diňe bir aýdýan temasyny däl-de, eýsem, synp otagyna gireninden geýnişine, ýöreýşine, her bir hereketine, sözüne üns berip, özüne güýçli kabul edip, gaýtalamaga girişýär. Öz iş tejribämde hem şeýle pursatlara kän duşdum. Şolardan hem iň täsirlisi barada aýtsam şeýle.

Türkmen dilinden ýa-da edebiýatdan täze temany dürli esbaplardan peýdalanyp, okuwçylaryň öňünde galam ýa görkeziji taýajygym bilen düşündirýärin. Edil şu hereketlerimi okuwçylar ertesi temany aýdyp berenlerinde geçilen tema degişli kiçirägem bolsa, özlerine esbap taýýarlap, tagtada asyp, ony hem eline galam alyp, okuwçylara seredip, düşündirýärler.

Türkmenistan döwletimiziň Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy özüniň doly many-mazmunynda sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, deňhukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Bulardan başga-da, döwletimiziň oňyn Bitaraplygy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, dünýäniň dürli ýurtlary bilen ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejelere çykarmakda bähbitli mümkinçilikleri açdy. Hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Garaşsyz döwletimiz bu günki gün Bitaraplygyň mekanyna öwrülýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz parahatçylyk arkaly ösüşleriň taglymaty bolup hyzmat edýär.

Gahryman Prezidentimiziň teklibi bilen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň 12-nji dekabrynda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy alyslara aşar. Sebäbi, ajap eýýamymyzda Garaşsyz Türkmenistanymyzy bütin dünýä parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde tanaýar. Ýurdumyzyň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň guwançly netijesidir.
Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09457 sek. ýüklenen baýt: 31583