Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Konor MakGregor Dustin Porýe bilen söweşmäge razy boldy
Ýazylan wagty: 18 октября 2020 Ýazan Merwww

Iki agramldaky UFC-iň öňki çempiony Konor MakGregor UFC-iň teklibini kabul etdi we “Fight Time” saýtynyň habaryna görä 23-nji ýanwarda Dustin Porýe bilen söweşmäge razy boldy.


Şeýle hem Irlandiýaly, Tehasyň Arlington şäherindäki Kawboý stadionynda sekizburçlyga gaýdyp gelmek isleýändigini aýtdy.


Ondan öň UFC-iň prezidenti Dana Waýt, guramanyň MakGregor we Porýe bilen UFC 255 ýa-da UFC 256 bilen Las Wegasda söweşip bilmejekdigini habar berdi, sebäbi sanly ýaryşlaryň hersinde eýýäm iki çempionlyk söweşler bar.


Söweşijileriň arasynda rewanş söweşi geçiriljek digini ýadyňyzdan çykarmaň – 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Las Wegasda UFC 178-de Konor MakGregor iki minutyň içinde  Dustin Porýeni söweşde ýeňmegi başardy.

Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05818 sek. ýüklenen baýt: 29258