Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Milli mirasymyzyň muşdagy
Ýazylan wagty: 18 октября 2020 Ýazan Merwww


W.A.Žukowskiýniň ylmy işi ylmy dolanyşyga girenden soňra, ol belli alym hökmünde patyşa Russiýasynyň çäginde we daşary ýurtlarda has tanalyp başlanýar.

Ýeri gelende aýtsak, W.A.Žukowskiý rus alymlaryndan şahyryň döredijiligi barada ilkinji gezek ylmy-derňew işini alyp baran alymdyr. Ol 1883-nji ýylda Sankt-Peterburgda neşir edilen «Aly Auhadeddin Enweri» atly kitabynda şahyryň diwanyndan alty kasydany (öwgüli goşgy) we dört gazaly neşir edipdir. Onda W.A.Žukowskiý Enweriniň terjimehalyna, edebi işjeňligine we döredijiliginiň umumy häsiýetine seljerme berýär. Eseriň çeper dili barada hem gysgaça durup geçýär. Kitabyň ahyrynda awtoryň kasydalaryndan, gazallaryndan käbir nusgalar ýerleşdirilipdir hem-de birnäçe tezkireleriň (ýygyndylaryň) şahyr barada beren maglumatlaryny hödürläpdir. Bu barada türkmen alymy A.Meredow özüniň 1968-nji ýylda Türkmenistanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çykarylan «Seljuklar döwrüniň edebiýatynyň taryhyndan» atly kitabynda: «W.A.Žukowskiý Enweriniň döredijiligine umumy dogry häsiýetlendirme berýär, ylaýta-da şahyryň kytgalarynyň, rubagylarynyň şol döwrüň jemgyýetiniň içki häsiýetlerini öwrenmek üçin baý maglumatlary berýändigini örän dogry belleýär» diýip aýdýar.

Şol wakadan soň W.A. Žukowskiý tä Merwe ylmy sapara gelýänçä, patyşa Russiýasynyň Halk magaryf ministriniň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlaryň ençemesinde ylmy saparlarda bolýar. Alym W.A.Žukowskiý pars we türki dilleri köp ýyllaryň irginsiz zähmetinden soň suwara öwrenipdir. Ol aýratyn hem pars dillerindäki taryhy çeşmeleriň milli taryhymyzy öwrenmekdäki ähmiýeti dogrusynda öz ylmy pikirlerini ýazyp beýan edipdir. Pars dillerindäki taryhy çeşmeler boýunça ylymda bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, W.A.Žukowskä Sankt-Peterburgyň imperator uniwersitetiniň gündogar dilleri fakulteti tarapyndan «Pars dili ylymlarynyň doktory» derejesi berlipdir hem-de 1889-njy ýylyň 2-nji martynda Halk Magaryf ministriniň 3977-nji teklibi bilen alym W.A.Žukowskiý pars dilleri kafedrasy boýunça Sankt-Peterburg uniwersitetiniň «Ekstraordinar professory» diýlip tassyklanypdyr. Onuň «Ordinar professor» diýen ady bolsa, 1890-njy ýylyň 28-nji noýabrynda tassyklanypdyr. 1891-nji ýylyň 3-nji maýynda hem W.A.Žukowskiý häkimlik edýän senatyň 60-njy Ukazy (Görkezmesi) bilen «Stats maslahatçysy» diýen derejäni alypdyr. «Hakyky Stats maslahatçysy» diýlen dereje bolsa, oňa 1901-nji ýylyň ýanwarynda berlipdir.

1895-nji ýylda W.A.Žukowskiý imperatoryň Arheologiýa Komissiýasynyň hakyky agzalygyna saýlanýar. 1898-nji ýyldan başlap, alym W.A.Žukowskiýniň ylymdaky tejribesi nazarda tutulyp, Sankt-Peterburgyň imperator uniwersitetiniň gündogar dilleri fakultetiniň sekretarlygyna saýlanýar we şol fakultete dekan bolýar. Ol 1899-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Eýrandaky ylmy saparyndan dolanyp gelensoň, Imperatorçylyk Ylymlar Akademiýasynyň hakyky agzalygyna saýlanýar.

Patyşa Russiýasynyň dünýä belli ylym ojaklarynyň biri bolan Sankt-Peterburg uniwersitetinde işlän ýyllary W.A.Žukowskiý gadymy Gündogaryň, aýratyn hem dünýäniň gadymy ýaşaýyş ojaklarynyň biri hasaplanylýan gadymy Merwiň taryhyny, medeniýetini öwrenmekdäki hyzmatlary göz öňünde tutulyp, oňa birnäçe Hökümet we Döwlet sylaglary hem berlipdir. Bu babatda taryh ylmynda şeýle maglumatlar saklanyp galypdyr: Keramatly Annanyň II derejeli ordeni (1896 ý.), Keramatly Stanislawyň ikinji (1893 ý.) we birinji (1908 ý.) ordenleri, Keramatly knýaz Wladimiriň III derejeli ordenleri bilen, şeýle-de imperator Aleksandr III patyşalygyndan ýadygärlik kümüş medaly bilen sylaglanypdyr.

Bulardan başga-da, Eýran şasynyň II derejeli «Ýolbarsly Gün» (1900 ý.) hem-de Buhara döwletiniň I derejeli «Gyzyl Ýyldyz» (1902 ý.) ordenlerine mynasyp bolupdyr. Patyşa Russiýasynyň ýörite buýrugy bilen ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda belli bolan alym W.A.Žukowskä ol ordenleri döşüne dakynmaga ýörite ygtyýarnama berlipdir. Taryhy maglumatlarda belli alym W.A.Žukowskiýniň ýokarda ady agzalan uniwersitetde işlän ýyllarynda alan zähmet haky barada hem habar berilýär. Şeýle hem belli alym, taryh ylmyna berlen şahsyýet W.A.Žukowskiý 1910-njy ýylyň başyndan 1911-nji ýylyň awgusty aralygynda ady agzalan uniwersitetiň rektory wezipesini hem alyp barypdyr. Sankt-Peterburgyň imperator uniwersitetinde halypa alym ençeme ylmy şägirtleri hem ýetişdiripdir.

Alym öz ömrüniň Merwde bolan iki pursadyny «ykbalyň özüne eçilen ylym peşgeşi we şöhraty» diýip ýandepderçesine belläpdir. Ol gadymy Merwde alyp baran ylmy-barlaglaryny jemläp, bu babatdaky meşhur bolan «Gadymy Merwiň ýadygärlikleri» diýen at bilen uly göwrümli işini Sankt-Peterburgda 1894-nji ýylda çap etdirip, ony ylmy dolanyşyga äşgär edýär. Gadymy Merwiň taryhyny öwrenmekde bu işiň has gymmatly tarapy, onda alymyň gadymy Merwde bar bolan ähli taryhy ýadygärlikleri jikme-jik öwrenmegidir we olaryň ýerleşýän ýerleri boýunça karta şekilini döretmegidir. Bu ylmy işiň ýene-de bir aýratynlygy alymyň öz ýörite fotoapparaty bilen gadymy Merwde bar bolan ähli taryhy ýadygärlikleriň suratyny almagydyr we ol suratlary ady agzalan işinde ýerleşdirmegidir.

Alymyň Merwiň gadymy we orta asyrlar döwri baradaky bu işi oňa şöhrat getiripdir. W.A.Žukowskiýden soňra gadymy Merwi öwreniji alymlar ilkinji nobatda, bu meşhur ylmy işe salgylanypdyrlar. Türkmen halkynyň gadymy-antiki taryhyny öwrenmek babatda juda uly göwrümli işleriň awtory we bu ugurda köp işleri bitiren alym M.Ýe. Masson W.A.Žukowskiýniň ýokarda ady agzalan işine şeýle baha beripdir: «Öz ylmy gözegçiliklerini arap, pars we beýleki ýazuw çeşmelerindäki maglumatlar bilen deňeşdirmek boýunça köpýyllyk işleriniň netijesinde, ol henize çenli deňi-taýy bolmadyk «Gadymy Merwiň ýadygärlikleri» diýen at bilen ýazylan bu iş Orta Gündogaryň hiç bir şäheri boýunça taýy ýok düýpli bir monografiýadyr hem-de gymmatly ylmy gollanmadyr».

Türkmen halkynyň taryhy geçmişi we medeniýeti barada juda gymmatly we meşhur işleriň awtory, dünýä belli taryhçy alym W.W.Bartold hem öz işleriniň aglabasynda belli alym W.A.Žukowskiýniň ýokarda ady agzalan işine salgylanypdyr. Bu barada alym W.W.Bartold ençeme ýerde ýazýar. Merwiň taryhyny öwreniji belli özbek alymy Z.I.Usmanowa bu işiň gymmaty barada şeýle ýazýar: «Arheologiýa gözlegleri, şeýle-de ýazuw çeşmelerini öwrenmek babatda zehinli alym W.A.Žukowskiý juda gymmatly maglumatlar toplapdyr we ol maglumatlary ylmy dolanyşyga girizipdir.

Alym W.A.Žukowskiýniň XIX asyryň 90-njy ýyllarynda bitiren bu işi ýene köp wagtlap arheologlaryň ençeme nesilleri üçin gadymy Merwiň taryhy boýunça maglumatlar kitaby we ýol görkeziji ylmy gollanmasy bolup hyzmat eder. Merwiň taryhyny öwrenmek babatda örän möhüm eser bolan «Gadymy Merwiň ýadygärlikleri» atly ylmy iş XIX asyr Gündogary öwreniş ylmynyň taryhynda ägirt uly hadysa boldy. Bu meşhur iş dünýä belli alymlar W.W.Bartold, W.G.Tizengauzen, A.G.Tumanskiý we beýleki görnükli alymlardan, Gündogary öwrenijiler tarapyndan iň ýokary hem örän mynasyp baha aldy».

Umuman, biziň günlerimizde hem gadymy Merwiň taryhy bilen gyzyklanýan islendik alyma, jahankeşdä ýokarda ady agzalan meşhur eser ylmy gollanma bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny beýan edýän ylmy çeşmeleriň ýene-de, gör, näçesi bar! Olary ylmy taýdan öwrenip, ylmy dolanyşyga girizmek, elbetde, taryhçy alymlaryň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Milli taryhymyzy beýan edýän şeýle gymmatly taryhy işlere ähli raýatlarymyzyň guwanmagy hem-de buýsanmagy bolsa, olaryň watançylyk borjudyr!

Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07908 sek. ýüklenen baýt: 39796