Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
«Army-2020-de» ýörite maksatly topar üçin «üçünji el» bolan ekzoskelet görkezildi
Ýazylan wagty: 18 октября 2020 Ýazan Merwww


«Army-2020» forumynda ýörite maksatly ekzoskelet toplumy görkezildi. Gurluşy adam dik halatynda onuň ýüküni ýeňilleşdirmäge, ýüki ondan-oňa geçirmäge mümkinçilik berýän grawitasiýa kompensatorlary ýa-da elektropriwodlary, şeýle hem mehaniki el — manipulýator bilen enjamlaşdyrylandyr.

— Gurluşyň agramy bary-ýogy 20 kilogram, ýük göterijiligi 60 kilogram, şonuň ýaly-da «üçünji eli» 12 kilogramdyr. Onuň goşmaça enjamlary gerşiňi goramak, operatoryň 90 göterim ýüki gymyldysyz saklamagy üçin ulanylyp bilner — diýip, Günorta-Günbatar Döwlet uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory Sergeý Ýatsun rus gazetinde aýdýar.

Onuň kömegi bilen agyr zatlary uzak wagtlap ýadawlygy duýman göterip hem saklap bolýar.

Mundan başga-da, ekzoskelet köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňi alnanda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan ulanylyp bilner, şeýle-de «üçünji el» galkany saklamaga we elleri ýükden boşatmaga mümkinçilik berýär.

Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06995 sek. ýüklenen baýt: 31476