Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
«Zeiss»-iň täze fotoapparaty
Ýazylan wagty: 18 октября 2020 Ýazan Merwww


German obýektiw öndürijisi «Zeiss» kompaniýasynyň täze «ZX1» fotoapparatynyň aýratynlyklary mälim boldy. Belli «B&H Photo» elektron söwda platformasynda öňünden sargamak isleýänlere 6 000 dollardan elýeter bolan täze fotoapparat barada ilkinji gezek iki ýyl mundan ozal agzalypdy.

«ZX1»-e 37 megapiksellik kesilmeýän, ýagny «full-frame» aňlatmasy bilen belli bolan sensor ýerleşdirilipdir. Bu sensor suraty ýokary hilde düşürmäge ukyplydyr. 35 millimetrlik obýektiwi bolan täze fotoapparat «Android» amaly ulgamy esasynda işleýär. «ZX1»-iň has tapawutly aýratynlygy bolsa, «Adobe Lightroom» programmasynyň ýüklenen bolmagydyr. «Adobe Lightroom» programmasy suratlary sanly ulgamda gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Bu programmanyň fotoapparatyň içinde gelmegi suratçylaryň işini aňsatlaşdyrar.

Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06744 sek. ýüklenen baýt: 30841