Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Tapawut (Tymsal)
Ýazylan wagty: 18 октября 2020 Ýazan Merwww


Bir himiýa mugallymy, professor özüniň ýiti zehinine we ukyp-başarnygyna görä, Nobel baýragy bilen sylaglanýar. Günleriň bir güni ol sapak okatmaga baranynda, bir talyby ondan:

— Hormatly professor, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda üç müňden gowrak ylym adamy barka, Nobel baýragyny näme üçin size mynasyp gördüler? Sizi beýlekilerden tapawutlandyrýan aýratynlyk nämede? — diýip sorapdyr.

Soragy diňlän professor bu üýtgeşik sowala:

— Hawa, dogrusyny aýtmaly bolsa, şu zatlar üçin men ejeme hoşal bolmaly. Sebäbi ejem men okuwçykam, başgalaryň ejeleriniň soraýan zatlaryny menden üýtgeşik edip sorardy — diýýär.

— Başgalaryň ejesi: «Oglum, gyzym, aýt hany, mugallymyň beren soraglaryna gowy jogap berip bildiňizmi?» diýip soraýan bolsa, meniň ejem: «Sen bu gün mugallymyňa nähili sorag berdiň?» diýip sorardy. Ine, meniň beýlekilerden tapawutly tarapym. Şondan soň men hemişe-de soramagy we bilmedik zatlarymy sorap öwrenmegi endik edindim. Häzir hem özümi gyzyklandyrýan islendik meseläni sorap öwrenýärin we ýene-de dowam ederin — diýip jogap beripdir.

Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05744 sek. ýüklenen baýt: 31727