Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
“Altyn Asyr” nobatdaky ýeñşini gazandy
Ýazylan wagty: 18 октября 2020 Ýazan Merwww

Futbol çempionatymyzyň 19-njy tapgyrynyň çäinde dört duşuşyk geçirilip, olaryň ilkinjisinde paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary myhmançylykda “Energetikden” 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu duşuşykda netijeli urgularyň ikisini geçiren Altymyrat Annadurdyýew derwezelere geç giren 20 topy bilen iň köp tapawutlanan oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýelemegini dowam edýär.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparyny 2:1 hasabynda ýeňişe sezewar etdi. Döwletmyrat Annaýewiň tälim berýän topary gazanan bu ýeňşinden soň ýaryş tertibinde bäşinji orna geçmegi başardy.

Türkmenbaşyda geçirilen duşuşykda “Şagadam” Marynyň “Merwi” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Tapgyryň jemleýji duşuşygynda ýaryş tertibinde ikinji basgançakda barýan “Ahal” myhmançylykda “Köpetdagy” 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewat etdi.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 49 utuk toplan “Altyn Asyr” birinji orny eýelemegini dowam edýär. 39 utuk toplan “Ahal” ikinji”, 30 utugy bolan “Köpetdag” üçünji orunlary eýeleýärler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyry 21-nji oktýabrda geçirilip, onda “Şagadam” – “Köpetdag”, “Nebitçi” – “Merw”, “Altyn Asyr” – “Aşgabat” hem-de “Ahal” – “Energetik” toparlary duşuşarlar.

 

19-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

 “Aşgabat” – “Nebitçi” – 2:1

Gollar: 4 Toýmämmet Sähetmämmedow, 90+6 (11 m.j.u.) Nazar Towakelow (“Aşgabat”) – 33 Alibek Abdyrahmanow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 63 Toýmämmet Sähetmämmedow (“Aşgabat”) – 72 Hemra Gulyýew (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Saparow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

 

 “Energetik” – “Altyn Asyr” – 0:2

Gollar: 30, 90+3 (11 m.j.u.) Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 75 Rahmet Şermetow, 75 Mekan Ataýew, 82 Parahat Jumanazarow, 90+2 Gurbanmyrat Jumagulyýew (“Energetik”) – 35 Mekan Saparow, 60 Ahmet Ataýew, 69 Zafar Babajanow, 84 Selim Ataýew (“Altyn Asyr”)

Geçirilýen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

 

 “Şagadam” – “Merw” – 1:1

Gollar: 45+1 (11 m.j.u.) Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”) – 62 Serdar Annamämmedow (“Merw”)

Duýduryşlar: 29 Farhat Italmazow, 47 Döwletgeldi Mirsultanow, 57 Aşyrgeldi Saryýew (“Şagadam”) – 22 Amangeldi Saparow, 45 Döwlet Döwletmyradow, 59 Begenç Alamow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

 

“Köpetdag” – “Ahal” – 0:2

Gollar: 47 Elman Tagaýew, 71 Guwanç Abylow (“Ahal”)

Duýduryşlar: 71 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 76 Serdar Baýramow (“Köpetdag”) – 25 Gurbanguly Aşyrow, 42 Serdar Annaorazow, 65 Güýçmyrat Annagulyýew, 75 Pirmyrat Sultanow, 76 Artur Geworkýan (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Tejen ş.)

 

Çempionatyň tablisasy XIX tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

19

14

4

1

48-13

46

2.

“AHAL” FK

18

12

3

3

34-12

39

3.

“ŞAGADAM” FK

19

8

6

5

27-22

30

4.

“KÖPETDAG” FK

19

7

6

6

19-14

27

5.

“AŞGABAT” FK

18

5

5

8

19-29

20

6.

“MERW” FK

18

6

2

10

20-28

20

7.

“NEBITÇI” FK

19

5

2

12

17-42

17

8.

“ENERGETIK” FK

18

2

2

14

15-41

8

Okalan sany: 135   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09126 sek. ýüklenen baýt: 57342