– Bu ajaýyp eseriň doly nusgasyndan birini edinenim üçin men bagtly – diýip, eseriň täze eýesi buýsanjyny gizlemedi. Şekspiriň pýesalar ýygyndysynyň bahasy, edebi eserleriň arasynda täze auksion rekordyny goýup, öňki dünýä rekordlaryndan hem ýokary boldy.

Bu ýygyndy iňlis dramaturgy aradan çykanyndan ýedi ýyl soň, 1623-nji ýylda dostlary tarapyndan düzülip neşir edildi. Oňa öň neşir edilmedik we ýitirilen bolmagy mümkin bolan 18 pýesa, şol sanda “Makbet”, “On ikinji gije” we Ýuliý Sezar” girizilipdi. Ýygyndy jemi 36 eseri öz içine alýar. Kitabyň takmynan 235 nusgasy şu güne çenli saklanyp galypdyr, ýöne olaryň köpüsi muzeýlerde saklanyp, diňe az sanlysy hususy kolleksiýaçylaryň ygtyýaryndadyr. -Şekspiriň eserleri islendik ýaşdaky we medeniýetdäki adamlaryň kalbynda aýratyn orun alýar. Mundan başga-da, “Ilkinji folio”-nyň satuwy gaty uly wakadyr – diýip, “Christie’s”-niň kitaplar we golýazmalar bölüminiň müdiri Margaret Ford kolleksiýanyň gymmatyna aýratyn baha berdi.