Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Welosiped barada
Ýazylan wagty: 22 ноября 2013 Ýazan Mayichka

                                   

Isleseň, kireýine al!
          Demirgazyk we Günbatar Ýewropa Döwletlerinde welosiped giň ýaýran ulag serişdesidir. Ýewropanyň Iň köp welosiped ulanýan ýurdy Daniýa bolup, bu ýerde orta raýat bir ýylyň dowamynda welosiped bilen 893 kilometr ýol geçýär. Olary Niderlandlar yzarlaýar (853 km). Blgiýa we germaniýada orta raýat bir ýylda 300 kilometr ýol külterleýär.


Ýewropada welosipediň giň ýaýramagynyň öz boluşly sebäbi bar. Ol ýurtlaryň hökümetleriniň alyp barýan syýasatynyň netijesinde amala aşýar. Welosipediň giň ýaýramagy Şäher merkezlerinde awtomobil ýüküniň ýeňlemegine, ekologiýa ýagdaýynyň gowlanmagyna hemde adamlaryň saglygynyňö berkemegine saldamly goşant goşýar.



            Welosipediň hem-de welosipedli gezelenjiň ýaýramagy üçin käbir çäre durmuşa geçirilýär: welosiped ýodajyklary gurulýar, jemgiýetçilik ulaglary ýaly welosiped sürmek üçin hem oňaýly şertler döredilýär (demir ýol we awtomobil menzillernde welosiped duralgasy hyzmat edýär, ýolagçy otlularynda welosipedli ýolagçylar üçin ýörite wagonlar goşulýar).



               Ýewropanyň köp sanly iri şäherinde welosipedleri kireýine almaga mümkinçilik döredilipdir.Ýörite duralgalarda welosipedi kireýine alyp, sürmek bolýar. Welosipedi özüňe amatly  islendik duralgada yzyna tabşyrmak bolýar. Munuň üçin degişli elektron ulgam döredilipdir. Şeýle ulgam Stokgolm, Pariž, London we belki şäherlerde-de işleýär.



              Amsterdam   Ýewropanyň welosiped şäheri hasaplanýar. Bu ýerde olar üçin ýörite myhmanhanalar hyzmat edýär. Welosipedleriň  dürli görnüşlerini kireýn almaga mümkinçilik bar.



              Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa sebitinde Hytaý, Hindistan we Indoneziýa ýaly döwletlerde welosiped esasy ulag serişdesidir.  Hytaý welosiped öndürmekde dünýäde öndäki orunlary eýeleýär. Soňky 10 ýyllykda ýurtdaky welosiped öňdürýän  firmalaryň sany artdy we welosipediň 95 göterimi Hytaýda öndürilýär.   


Okalan sany: 361   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 ноября 2013

welosiped sporty barada näçe ýazsaň hem azlyk edýän ýaly.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07276 sek. ýüklenen baýt: 35190