Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
goşgy
Ýazylan wagty: 15 ноября 2020 Ýazan NEXTTM
Aýlar üstümizden
görünmän geçsin

Goý günlerem
galdyrmasyn başyny

Ýyllar yssysyndan
eýlesin mahrum

Goý pasyllar
eçilmesin gyşyny

 
Rugsat ber
gijeler aýyň bolaýyn

Nurym  bilen gujaklaýyn günlerňi
Yssy mähir
paýlaýyn men ömrüňe

Seçeýin üstüňden
gyşda güllermi

 
Goý kynçylyk
labyryny taşlasyn

Goý külpetler
gelsin yzly yzyna

Biz çekeris näçe
bolsa hupbaty

Dert bermese
besdir ogul gyzyma

 
Näçe namartlygyň
bolsa görkez sen

Ýarym bilen
çekeris biz aglaman

Dünýä gelen
perzentlerde günä ýok

Ýaşat olaň
ykbalyny aldaman.

 
Nadan pelek diňe
saňa ýüzlenýän

Sen bize beriwer
gussadan paýy

Namartlyk etme
birje haýyşym

Gyz oglumdan
gysganmagyn abraýy.

 

 telbe

Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06744 sek. ýüklenen baýt: 30912