Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Berdimuhmedow: «Öňüni alyş işleriniň netijesinde, ýurdumyzda koronawirus ýokanjy hasaba alynmady. Bu bolsa biziň üstünligimizdir»
Ýazylan wagty: 15 ноября 2020 Ýazan Merwww


Berdimuhmedow: «Öňüni alyş işleriniň netijesinde, ýurdumyzda koronawirus ýokanjy hasaba alynmady. Bu bolsa biziň üstünligimizdir»

13-nji noýabrda Ahal welaýatynda täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Bu barada TDH ýazýar.

Mejlisde ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça wajyp wezipelere garaldy, bu ulgamy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi hem-de beýleki meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Lideriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň saglyk ýagdaýyna hemişe uly üns berilýär. Döwlet Baştutany «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijeli ýerine ýetirilýändigini belläp, ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Bagabat şäherçesinde ulanmaga berlen döwrebap şypahanany munuň nobatdaky mysaly hökmünde görkezdi.

Häzirki döwürde dünýäde koronawirus pandemiýasy giňden ýaýrady. Bu ýokanç bütin adamzadyň abadançylygyna uly howp salýar diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şoňa görä-de, dünýäde ýiti öýken sowuklamasynyň ýüze çykan ilkinji günlerinden ýurdumyzda öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirilip başlandy. Raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işler amala aşyryldy. Döwlet serhedi aýratyn gözegçilige alyndy. Serhetde zerur çäklendirmeler girizilip, raýatlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik güýçlendirildi. Bu ugurda ähli gulluklaryň işi sazlaşykly ýola goýuldy.

Orta we ýokary okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda, edara-kärhanalarda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli alnyp baryldy. Zerur bolan derman we sarp ediş serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, anyklaýyş hem-de beýleki zerur serişdeler ýeterlik möçberde satyn alyndy diýip, milli Lider belledi.

Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda karantin-tertip çärelerini berjaý etmek üçin ýörite bölümler açyldy. Ilat arasynda şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça giňden wagyz-nesihat we düşündiriş işleri geçirildi.

Biziň ýurdumyz bu ugurda hemişe beýleki döwletler bilen tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzümleri hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip gelýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýetiniň ýurdumyzda bolup, ýokanç kesellere garşy görülýän çäreler bilen ýakyndan tanyşmagy-da muňa aýdyň mysal bolup durýar diýip, milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu gurama bilen bilelikde ýiti ýokanç keseliň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzyň taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasynyň düzülendigini we tassyklanandygyny belledi.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplaýan Türkmenistan ynsan saglygyna howp salýan şeýle wehimiň garşysyna göreşmekde dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin hemişe açykdyr.

Ýurdumyzyň hökümeti bu ugurda zerur bolan çäreleri görmegi dowam edýär. Geçirilen öňüni alyş işleri netijesinde, henize çenli ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýy hasaba alynmady. Bu bolsa örän guwandyryjy ýagdaýdyr, biziň uly üstünligimizdir diýip, döwlet Baştutany kanagatlanma bilen belledi we başy başlanan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ine, şu gün Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ulanmaga berilýän şu hassahana hem dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça Türkmenistanda anyk işleriň alnyp barylýandygynyň ýene-de bir mysalydyr diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Dünýäniň ösen döwletleriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahana ýokanç keselleri wagtynda ýüze çykarmaga we bejermäge, olaryň öňüni almaga, raýatlarymyza ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berer. Iki ýüz orunlyk hassahanada ýokanç keselleri anyklamak we bejermek üçin zerur bölümler hem-de barlaghanalar işlär.

Şular ýaly döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär diýip, milli Lider belledi we saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, ýurdumyzda saglyk abadançylygyny üpjün etmäge, dürli ýokanç keselleriň öňüni almaga hemişe uly ähmiýet beriljekdigini aýtdy.

Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05629 sek. ýüklenen baýt: 36567