Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ronaldu resmi oýunlardaky gollarynyň sany boýunça Puşkaş bilen deňleşdi
Ýazylan wagty: 16 ноября 2020 Ýazan NEXTTM
Ronaldu resmi oýunlardaky gollarynyň sany boýunça Puşkaş bilen deňleşdi
Portugaliýanyň we "Ýuwentusyň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldu resmi oýunlarda gollarynyň sany boýunça Wengriýanyň öňki hüjümçisi Ferens Puşkaş bilen deňleşip, dördünji orna çykdy. Bu barada Sputnik habar gullugy habar berýär.

Çarşenbe güni Portugaliýanyň milli ýygyndysy Lissabonda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Andorrany 7:0 hasabynda ýeňdi. Gollaryň birini 35 ýaşly Ronaldo öz adyna ýazdyrdy.
 Portugaliýaly hüjümçi üçin bu pökgi karýerasyndaky 746-njy gol bolup, ony iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda dördünji setire çykardy. Sanawda birinji orunda 805 pökgi geçiren Awstriýanyň öňki futbolçysy Iosif Bikan ýerleşýär. Ondan soň braziliýaly Romario (772 gol) gelýär. Ilkinji üçlügi Romarionyň watandaşy Pele (767 gol) jemleýär.
 Şeýle hem Andorra bilen oýunda gazanylan ýeňiş Ronaldunyň milli ýygyndyda 100-nji ýeňşi boldy.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05797 sek. ýüklenen baýt: 29998