Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Jo Baýden heniz ABŞ-nyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny alyp bilmez
Ýazylan wagty: 16 ноября 2020 Ýazan NEXTTM

Jo Baýden heniz ABŞ-nyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny alyp bilmez
Jo Baýden ABŞ-nyň Umumy hyzmatlar edarasy (GSA) tarapyndan karar kabul edilýänçä, prezident wezipesine resmi taýdan girişip bilmez. Şeýle beýanat bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID, Döwlet departamentiniň bir bölegi) başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiriji Jon Barsa çykyş etdi. Onuň sözlerini CNBC teleýaýlymy getirýär diýip, ru.sm.news habar berýär.

“GSA-nyň ýolbaşçysy saýlawda kimiň ýeňiş gazanandygyny kesgitleýänçä, hiç zat üýtgemez” – diýip, Barsa belledi.

Häzirki wagtda GSA-nyň başlygy wezipesini eýeleýän Emili Merfi Baýdeniň ýeňşini kabul etmekden ýüz öwürýär. Merfi Baýdeniň saýlanandygyny tassyklaýança, onuň topary hökümetiň maliýe serişdelerine rugsat alyp bilmez we federal edaralar bilen aragatnaşygy ýola goýup bilmez.
 Bu proses häzir hem Amerikanyň prezidenti bolmagynda galýan Donald Trampyň ýeňlişini boýun almaýandygy sebäpli saklanýar. Tramp kazyýetiň üsti bilen birnäçe ştatda öňdebaryjy ornuny gaýtadan dikeltmäge umyt bildirýändigini aýdýar.
 ABŞ-nyň kanuny boýunça, saýlanan prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirilmeli.
 Belläp geçsek, 7-nji noýabrda zerur bolan 270 sesden saýlawçylaryň 290 sesini alan we şonuň bilen ýeňiş gazanan demokrat Jo Baýden özüni ABŞ-nyň saýlanylan prezidenti diýip yglan etdi.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07119 sek. ýüklenen baýt: 30673