Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Suw türgenleşmesi
Ýazylan wagty: 23 ноября 2013 Ýazan NEXTTM

Suw  türgenleşmesi

 Hünärmenler suw gimnastikasy bilen meşgullanýanlaryň hemişe gujurly, olaryň aňsat dümewlemeýändigini aýdýarlar. Gimnastikanyň bu görnüşi semiz adamlara artykmaç agramdan dynmaga kömek berýär, bedeni kemsiz taplaýar. Eger-de, siz ozal hem türgenlşip ýören bolsaňyz, ýylylygy 18-20 derejeli suwda 15 minutlap we ondanam köp wagtlap bolup bilersiňiz. Maşklary ýerine ýetireniňizde suwda dik durmaly, suw egniňize ýetmeli.                                   

1-nji türgenleşme: Aýaklaryňyzyň arasyny ep-esli açyp, elleriňizi öňe uzadyp, aýalaryňyzy biri-birine bakdyryp duruň. Gyssanman, elleriňizi iki tarapa, soňra mümkin boldugyça arka tarapa uzadyň, şonda kelläňizi hem mazaly yza egiň. Öňki ýagdaýa geliň. 8-10 gezek gaýtalaň.

2-nji türgenleşme: Iki eliň barmaklaryny biri-birinden geçirip, olary kelläňiziň üstünden yza egiň we göýberiň. Maşky 10-15 gezek gaýtalaň.

3-nji türgenleşme: Eliňizi öňe uzadyň we suwuň ýüzünde durşuňyza iki aýagyňyzy bile tutup dyzyňyzy epip, olary garnyňyza mümkin boldugyça çekiň, soň haýaljakdan göýberiň. Maşky 12-16 gzek gaýtalaň.

4-nji türgenleşme: Suwuň içinde duran ýeriňizden gozganmaň, aýaklaryňyzy ylgaýan yaly hereketlendiriň, dyzlaryňyzy mümkin boldugyça ýokaryk galdyryň. Maşky 10-15 sekuntlap ýerine ýtiriň.

 5-nji türgenleşme: Dik durşuňyza, iki aýagyňyzy bile tutup, ýokary 20-25 gezek bökmeli. Suwdaky sagdynlaşdyryş maşklary öý şertlerinde, ýagny wannada hem ýerine ýetirip bolýar. Munuň üçin wannany ýyly suwdan dolduryň-da, ilki bilen onda hiç hili hereket etmäň 5-10 minut ýatyň, şonda endamyňyz mazaly dynç alar.

 6-nji türgenleşme: Iki eliňiz bilen wannanyň gyrasyndan mäkäm ýapyşyňda, arkan gaýyşyň. Soň oturan ýeriňizden jüp tutup, olary howlukman ýokaryk galdyryň hem aşak göýberiň. Bu, maşky gezekli-gezegine sag hem çep aýagyňyz bilen hem ýerine ýetirip görüň. Maşky 10-12 gezek gaýtalaň.

7-nji türgenleşme:  Wannada aýaklaryňyzy uzadyp oturyň. Elleriňiz bilen wannanyň iki gapdalyndan tutuň, soňra göwräňizi çepe-saga ediň.
8-nji  türgenleşme: Öňki oturyşyňyza elleriňiziň ujuny aýaklaryňyzyň daraklygyna degirjek boluň.
Görkezlen maşklary ýaltanman-ýaýdanman bir aýlap ýerine ýetirseňiz, netijesi mese-mälim görner.
 

Okalan sany: 357   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06328 sek. ýüklenen baýt: 31812