Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Ahal” bilen “Energetik” toparlary ýeňiş gazandylar
Ýazylan wagty: 18 ноября 2020 Ýazan Merwww

Futbol çempionatymyzyň 17-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşyklary geçirilip, “Energetik” “Aşgabady”, “Ahal” bolsa “Merwi” kabul etdi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Ahal” topary döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanyp, 3:1 hasabynda ütün çykmagy başardy. Çempionatymyzyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda ikinji orna mynasyp bolan “Ahal” 52 utuk toplady. 24 utugy bolan “Merw” 6-njy orunda galdy.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Energetik” öz meýdanynda “Aşgabady” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 30 utugy bolan “Aşgabat” 5-nji orny eýelemegini dowam edýär. Çempionatdaky üçünji ýeňşini gazanan “Energetik” toplan 12 utugy bilen ýaryş tertibinde iň soňky, 8-nji orunda barýar.

Futbol çempionatymyzyň 26-nji tapgyrynyň duşuşyklary 21-nji noýabrda geçirilip, onda “Altyn Asyr” – “Energetik”, “Ahal” – “Köpetdag”, “Merw” – “Şagadam” hem-de “Nebitçi” – “Aşgabat” toparlary duşuşarlar.

 

17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklarynyň netijeleri:

 “Energetik” – “Aşgabat” – 2:1

Gollar: 18 Begli Meredow, 62 Parahat Jumanazarow (“Energetik”) – 84 Kemal Annamuhammedow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 22 Alikper Musaibow, 44 Gurbanmyrat Jumagulyýew, 45+3 Parahat Jumanazarow, 67 Mekan Ataýew, 68 Ilýa Salow, 81 Rahmet Şermetow (“Energetik”) – 61 Azat Rahmanow, 66 Kemal Gurbanow (“Aşgabat”)

Meýdandan çylarylanlar: 89 Ilýa Salow (ikinji duýduryş), Mekan Ataýew (oýundan soň) (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

 

 “Ahal” – “Merw” – 3:1

Gollar: 48 Guwanç Abylow, 56 Murat Ýakşiýew, 67 Pirmyrat Sultanow (“Ahal”) – 90+4 Şaweli Seýitgulyýew (“Merw”)

Duýduryşlar: 30 Mirza Beknazarow (“Ahal”) – 35 Daýanç Durdyýew (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

 

Çempionatyň tablisasy XXV tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

25

20

4

1

70-17

64

2.

“AHAL” FK

25

16

4

5

45-23

52

3.

“ŞAGADAM” FK

25

11

7

7

40-25

40

4.

“KÖPETDAG” FK

25

10

7

8

29-23

37

5.

“AŞGABAT” FK

25

8

6

11

30-41

30

6.

“MERW” FK

25

7

3

15

25-41

24

7.

“NEBITÇI” FK

25

7

2

16

27-54

23

8.

“ENERGETIK” FK

25

3

3

19

21-63

12

Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06020 sek. ýüklenen baýt: 53165