Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
- „Watan“
Ýazylan wagty: 20 ноября 2020 Ýazan NEXTTM
Men seni söýere, söýgim ýaş bolýar,
Gujaklasym gelýär, ýetmeýär elim.
Sen ene, sen ata, owadan dildar,
Sen meň goşa didäm, gyzgyn jigerim.
-
- Keramatly aýdym bolup ýatyrsyň,
- Süňňüň Alla ýasan çyn lira ýaly.
- Sen maňa däl, ýaradana ýakynsyň,
- Sen meniň däl, Ýaradanyň ykbaly.

Sen Allanyň müň nagyşly tarlary,
Günüň şuglasyna müň owaz bilen
Direldersiň baharlary-ýazlary,
Beýik dowamatyň dowamy bilen.
-
- Bakylyk sen, sen ýazlary doguran,
- Asyry doguran, zamany bilen.
- Sen süňňünde beýik Haýry oýaran,
- Hakyň erenlerniň azany bilen.

Işleýäň, goltugyň mydama derli,
Bu dünýäniň dynçlygynyň diregi.
Halal nanyň ysy gelýär demiňden,
Eý, sen, Ýaradanyň beýik lirasy.

Eziz Watan, şu günüm sen, ötenim,
Garylyp, ruhuňa parlak demiňe,
Seniň çygly maňlaýyňdan öpeýin,
Göterip , hut , ýaradanyň deňine.

 Öwezdurdy Nepesow
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08081 sek. ýüklenen baýt: 31516