Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Meni halas ediň!
Ýazylan wagty: 20 ноября 2020 Ýazan NEXTTM
„Bir adamy halas etmek,
adamzady halas etmekdir!“
Solomon.
Dünýäň metjitleri, medreseleri,
Ýurtlar, milletler, halklar, kowumlar!
Uruň jaňlarňyzy, atyň toplary,
Biparhlygyň galyplaryn döwüňler!
Meni halas ediň!
Men çüýräp barýan!
Nebis, haramylyk, gorky hem şerap,
Meniň synalamda öýüni gurýar.
Barýaryn şeýtanyň pälinde ertäp.
Men-Adam!Men Ynsan! Bu gün serediň,
Çüýreýän men öz nebsimiň süňňünde,
Men ýitsem, adamzat ýiter ebedi,
Şonuň üçin Hristiýanlar, sünnüler.
193
Şaýylar, buddalar, kotolik, hytaý,
Alla uýýan eý, bendeler, doganlar!
Meni halas et sen, eliň uzadaý,
Men çüýresem ynsan gaýdyp oýanmaz.
Meni halas ediň, nebsiň, pisligiň,
Gowşaklygyň, gorkyň, şeriň elinden.
Men parlek şamçyragy neslimiň,
Eý Adamzat , tur sen, galk sen ýeriňden.
Men çüýräp barýaryn, şeriň elinde,
Maňa dünýäň halky , ber hany, eli,
Meni goýmaň, Şer, şeýtanyň deňinde,
Doganlar!
Meni halas ediň!
Meni halas ediň!
Meni halas ediň!
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08403 sek. ýüklenen baýt: 31725