Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
«GERÇEGIŇ» ÝEŇIŞLI MENZILLERI
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

«GERÇEGIŇ»  ÝEŇIŞLI  MENZILLERI

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynda Garaşsyz,   Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ýeňişli menzilleri külterleýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň bady artyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz hususyýetçiligi ösdürmeklige üns berip, bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär. Ajap eýýamymyzda şeýle işleriň bady ýylsaýyn artýar. Ýene bir bellemeli zat bolsa, türkmen telekeçileri bäsleşige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlardyr önümleriň ýerini tutýan harytlardyr önümleri öndürmekde-de bähbitli işleri bitirýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzda ilatyň köp sarp edýän harytlaryny öndürmekde tutumly işler rowaç alýar. Täze-täze iş orunlary peýda bolýar.

Türkmen telekeçiliginiň ösüşli ýoluna ser salanyňda, döwlet Baştutanymyzyň «Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys» diýen parasatly sözleri ýadyňa düşýär. Sebäbi, hususyýetçilerimiz özleriniň ýadawsyz aladalary bilen halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri, aýakgaplar, egin-eşikler bilen üpjün etmekde guwançly sepgitleri eýeleýärler. Şol harytlardyr önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ornuny tutmagy barada alnyp barylýan işlerem ýatlamak ýakymlydyr.

Bu babatda Mary şäheriniň çäginde ýerleşýän «Gerçek»  haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän sehi ýatlamak bolar. Tejribeli telekeçi Aýhan Rejepowanyň hususy eýeçiligindäki bu sehde ilatyň köp isleg bildirýän aýakgaplary öndürilýär.

— Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekdäki taýsyz tagallalary rowaçlanýar. Türkmen telekeçileri halkymyzy ýokary hilli harytlar we önümler bilen üpjün etmekde il bähbitli işleri bitirýärler. Biziň sehimizde-de il-günümiziň uly isleg bildirýän aýakgaplary öndürilýär. Halka hödürlenýän aýakgaplarymyzyň hili ýokary bolansoň, önümlerimize hyrydar barha köpelýär. Biz şu günler şanly senäni — Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uly toýuny mynasyp zähmet sowgatly garyşylamaga çalyşýarys — diýip, sehiň ýolbaşçysy, tejribeli telekeçi Aýhan Rejepowa gürrüň berýär.

Bu önümçilik sehi 2015-nji ýylda açylyp, onuň işgärleri sanlyja ýyllarda ilhalar aýakgaplary bilen giňden tanalmagy başardylar. Bu ýerde işler sazlaşykly guralyp, ýeňsesi açyk aýakgaplary öndürip, halka hödürlemekde tarypa mynasyp tagallalar edilýär.

Gürrüňi edilýän sehde aýakgaplaryň 400-den gowrak görnüşi öndürilýär. Sport aýakgaplarynyň  10-dan gowrak görnüşi tälimçilerdir türgenleriň uly islegine mynasyp bolýar. Şeýle hem bu ýerde öndürilýän, oba hojalygynda we aýry-aýry kärhanalarda giňden peýdalanylýan ýokary hilli suw ädikleri hem ilatyň islegli harytlarynyň biridir. Biz şu ýerde bu önümçilik sehinde her ýylda 5 million 600 müň jübüt aýakgabyň öndürilýändigini ýatlasak, zähmetsöýer telekeçileriň il-gün bähbitli ägirt uly işleri bitirýändiklerine göz ýetireris. Şonuň üçinem «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümleri barha meşhurlyga eýe bolýar.

Biz işine ezber telekeçilerden taýýar önümleri ýerleşdirmek bilen bagly meseläniň çözgüdi barada soranymyzda, olar önümlerine hyrydaryň hemişe tapdyrýandygyny gürrüň berdiler. Sehiň döwrüň ösen talabyna laýyk gelýän ýokary hilli önümlerine islegiň diňe bir biziň welaýatymyzda däl, eýsem, beýleki welaýatlarda-da ýokary bolmagynda galýandygyna ünsümizi çekdiler. Şeýle hem telekeçilerimiziň öndürýän aýakgaplarynyň daşary ýurtlara-da eksport edilýändigini ýatlamalydyrys. Munuň özi milli Liderimiziň daşary bazarlara bäsleşige ukyply harytlary çykarmak bilen bagly öňde goýýan jogapkärli wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Gürrüňi edilýän önümçilik sehiniň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklananymyzda, bu ýerde Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen ýokary öndürijilikli enjamlar oturdylyp, olardan netijeli peýdalanylýandygyna ünsümizi çekdiler. Mälim bolşy ýaly, bökdençsiz önümçilikde çig mal bilen üpjünçilik uly ähmiýete eýe bolýar. Şu mesele dogrusyndan soranymyzda, çig malyň Türkiýe we Hytaý döwletlerinden üznüksiz getirilýändigini gürrüň berdiler. 400-e golaý hünärmenlerdir işçileri özünde jemleýän bu telekeçilik sehiniň zähmetsöýer adamlary bähbitli işleri bitirip, gowy görkezijileri gazanýarlar.

Şu günler bu sehiň telekeçileri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly ýokary netijeler bilen jemlemegi maksat edinýärler. Bu bolsa olaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýuna mynasyp baýramçylyk sowgady bolýar.


Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08562 sek. ýüklenen baýt: 39155