Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
UNAŞ
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

 UNAŞ   

Degmez dümew, ýokanç kesel,

Öýde unaş bişireliň!

Noýbasyny gaýnag suwda,

Goýup, mäkäm çişireliň!

 

Ýodly duz goş, göz çak bilen,

Eräp tagam beräýmeli.

Birdir-iki ýumurtgany,

Unuň eläp garaýmaly.

 

Öýüp goýan hamyryňy,

Oklaw alyp, ýaýyp başla!

Urba sepip, kes inçeden,

Hiç üzülmez, süý-gulaçla!

 

Süzme garyp, iç gatyklap,

Gyzyl burç at çorbasyna.

Bokurdaga örgün çyksa,

Hiç ýol bermez örmesine.

 

Ukyp goşar sagalmagňa,

Derleder tiz, ýeňlär kelläň.

Dynmak üçin sökellikden,

Unaş içiň dertlän pilläň.  

              O. ŞAMMYÝEWA.

Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07714 sek. ýüklenen baýt: 37692