NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
ÝATANA DEGMEK GÜNÄDIR
Süleýman pygamber matasy sozma ýüpekden dokalan täzeje gyrmyzy donuny geýip, çaý içip otyr ekeni. Pişigi myrlap, eýläk geçipdir, beýläk geçipdir, soňam Süleýman pygamberiň donunyň synynda uklapdyr. Şol wagt dört müň dört ýüz ganatly Jebraýyl — Allanyň habarçysy gelip, Süleýman pygamberi Allanyň çagyrýandygyny aýdypdyr.
Süleýman pygamber ýerinden galjak bolup gobsunanda, synynda uklap ýatan pişige gözi düşýär. Pygamber näderini bilmän esli salym oturypdyr. Allanyň çakylygyna gijä galyp barmak mümkin däl. Şeýle süýji uklap ýatan pişigi turuzmaga-da gözi gyýmandyr. Süleýman pygamber teý alaç tapman, pişigi turuzman, donunyň synyny kesip, pişigiň arkasyny sypap, Allanyň huzuryna gidipdir (Pişigi ýokardan ýagyrnysyny ýere tarap edip zyňanda-da ýagyrnysynyň ýere degmeýändiginiň sebäbi, onuň arkasyny Süleýman pygamberiň sypanlygy üçin diýip gürrüň edýärler).
— Seniň synyň kesik-le? — diýip, Alla hiç zat bilmediksirän bolup Süleýman pygambere ýüzlenipdir. Süleýman pygamber bolan wakany bolşy ýaly gürrüň berende Alla:
— Habarym bar, sen dogry etdiň, ýatana degmek günädir — diýipdir.
Il içinde “Ýatana ýylanam degmändir” diýen nakyl şeýdip döräpdir diýen gürrüň bar.