Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GARYNDAŞLYK NIKASY
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

  GARYNDAŞLYK  NIKASY

 Garyndaşlyk nikasy — bu 3-4 arkada umumy garyndaşlary bar bolan nikadyr. Bu nikalar 1-10 göterime çenli ýygylykda duşýar. Köplenç, iki doganyň çagalarynyň arasynda şunuň ýaly nikalar bolup bilýär. Daýy we ýegeniň arasynda gyýylýan nikalar seýrek bolýar.

Köp sanly maglumatlaryň görkezmegi boýunça, munuň ýaly nikalardan bolan çagalaryň arasynda, çaga we ýetginjeklik döwründe ölüm howpy ýüze çykyp bilýär. Dogabitdi kemçilikli çagalar köp dogulýar.

Är-aýalyň arasyndaky garyndaşlyk näçe ýakyn bolsa, çaganyň näsag dogulmagynyň  töwekgelçiligi köpelýär. Mysal üçin, iki doganoglan är-aýalyň neslinde bu töwekgelçilik  3.1-6.3 göterim gatnaşygynda bolýar. Bu ýagdaý garyndaş däl maşgalalarda — 1 göteriminden hem az bolýar.

Garyndaşlyk bilen baglaşylan  nikalarda kemçilikli çagalaryň dogulmagynyň töwekgelçiligi has ýokary bolýar. Bu näme üçin şeýle bolýar? Çaga enesinden we atasyndan genleri alýar  (nesliň elementar bölejiklerini), olar agzalaryň ösmegine we işine jogap berýär. Kadaly genler bilen bir hatarda ene-ata çaga kesel döredýän genleri hem geçirýär. Her adamda bir ýa-da birnäçe kesel döredýän genleri göteriji  bolýar. Köplenç, olar sagdyn bolýar.  Diňe şonuň ýaly genleriň sany iki esse köp bolsa, şonda kesel döreýär. Är-aýal garyndaş bolmasa, kesel döremek töwekgelçiligi az bolýar. Eger är-aýal garyndaş bolsa, nesil yzarlaýan keselleriň döremek töwekgelçiligi has ýokary bolýar.

Bu zatlary göz öňünde tutup, nika gyýyljaklaryň arasynda garyndaşlyk gatnaşygy bar bolsa, onda nikalaşjak adamlara lukmançylyk-genetik konsultasiýasynyň lukmanlaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Öz ýakyn garyndaşlarynyň nesil yzarlaýan keselleri barada, kemçilikleri barada, ruhy keselleri, kemakyllyk,  çagalykda näbelli sebäplerden ölenleri barada maglumatlary bilen habardar etmeli. Şondan soňra, şol maglumatlaryň esasynda, barlaglaryň netijesinde, nesil yzarlaýan keselleriň döremeginiň töwekgelçiligini hasaplaýarlar. Eger-de, nesil yzarlaýan keseller ýok bolsa, onda sagdyn çaga doglup bilýär. Garyndaşlyk nikasyndan dörän çagalary      doglandan soň has hem oňat barlamaly we bir ýyllap olary gözegçilikde saklamaly.


Okalan sany: 50   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08282 sek. ýüklenen baýt: 34289