Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BEREKETLI EKINIŇ BOL HASYLY
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

BEREKETLI EKINIŇ BOL HASYLY



Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny üstünliklere
besleýän Tagtabazar etrabynyň edermen babadaýhanlary ýurdumyzda azyk
bolçulygyny döretmäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gallaçylygy,
pagtaçylygy,
  maldarçylygy ösdürip, önüm
öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän etrabyň
zähmetsöýer oba hojalyk işgärleri özleriniň tutanýerli zähmetleri bilen ýeňişlerden-ýeňişlere
barýarlar.



Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman
Arkadagymyzyň
hemaýat
- goldawlaryndan ruhlanyp işleýän etrabyň
kärendeçi daýhanlary, aralyk ekin bolan gant şugundyrynyň bereketli hasylyny
ösdürip ýetişdirmek üçin joşgunly zähmet çekýärler. Kärendeçileriň
öndürijilikli zähmet çekmegi üçin “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti
tarapyndan ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Olar ýokary hilli tohumlar,
dökünler, traktorlar we gurallar bilen üpjün edilýär. Galla hasylyndan boşan
meýdanlara ekilen gant şugundyrynyň hasyly göze gelüwli. Güýz paslynyň häzirki
günlerinde ýaşyl dona bürenip oturan hasylly meýdanlara gözüň düşende
“Berekella” diýeniňi duýman galýarsyň. Bu işde paýdarlar jemgyýetiniň
ýerlerdäki hünärmenleri şugundyr ýetişdirýän kärendeçileriň iň ýakyn
maslahatçylary.



— Gant şugundyry bereketli we düşewüntli ekin. Zähmeti
köp talap edýändigine  garamazdan,
girdejisi ýokary. Gant şugundyry ekilen toprak belli bir derejede
gurplanýar,  haşal otlardan saplanýar,
ýeriň medeniýeti ýokarlanýar. Bu ekini ekip, ýokary hasyl ýetişdirmegiň
abyny-tabyny kemsiz ele alan ussat kärendeçiler biziň etrabymyzda az däl. Baky
Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýunyň bellenilýän ýylynda, etrabymyz boýunça
200 gektar meýdana gant şugundyry ekildi. Etrabymyzyň “Azatlyk”, “Marçak”,
“Daýhan” we “Ýaşlyk” daýhan birleşikleriniň kärendeçileri oňat gögeriş alyp,
boýuny ýetiren şugundyr ekinine eýeçilik gözi bilen garap, idegini ýetirýärler.
Agrotehniki çäreleri wagtynda geçirilip, daýhan zähmeti siňdirilen ene toprak
bereketli hasyl eçilýär.



Şugundyryň bol hasylyny ýetişdirip, öňdäkileriň hatarynda
atlary agzalýan kärendeçilerimiziň sany onlarçadyr. Olardan “Ýaşlyk” daýhan
birleşiginiň kärendeçileri, Agajan Mämmedow 3,5 gektar, Arnamyrat Işanberdiýew
3 gektar, “Daýhan” daýhan birleşiginiň kärendeçileri Agaröwşen Ýazgylyjow 4,5
gektar, Kemal Rozyýew 3 gektar meýdanda gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirip
şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bien ýerine ýetirýän kärendeçileriň
arasynda atlary hormat bilen tutulýar. Olar gektaryň hasyllylygyny 25 — 30
tonnadan geçirip köplere görelde bolýarlar — diýip, “Maryşeker açyk görnüşli
paýdarlar jemgyýetiniň etrapdaky agronomy Allanazar Arnanýazow gürrüňdeş
bolanymyzda aýtdy.



Milli Liderimiz ýeriň düşewüntliligini artdyrmagy,
hasyllylygyny ýokarlandyrmagy, her ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna
öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmegi möhüm wezipe edip goýdy we munuň üçin
ähli mümkinçilikleri döretdi. Tagtabazarly kärendeçiler bu wezipäni abraý bilen
ýerine ýetirýärler.



 

Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07860 sek. ýüklenen baýt: 34163