Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ÝERIŇ DILINI TAPAN DAÝHAN
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

ÝERIŇ  DILINI  
TAPAN  DAÝHAN



Berkarar
döwletimiziň
  bagtyýarlyk döwründe
ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de beýleki pudaklar bilen bir
hatarda iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işler
durmuşa geçirilýär. Bu ugurda zerur bolan çözgütler kabul edilýär. Munuň özi
babadaýhanlarymyzyň täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryna hem-de ýokary
sepgitlere ýetmeklerine ýardam edýär. Ene toprakdan ekinleriň bol hasylyny
öndürmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän kärendeçi daýhanlary hemmetaraplaýyn
goldamak babatda amala aşyrylýan giň möçberli aladalary biz iş ýüzünde
  yzygiderli görýäris.



Hormatly
Arkadagymyzyň daýhanlarymyza döredip berýän şeýle goldawlaryndan yzygiderli
peýdalanyp, bol hasyl alýan, döredijilikli zähmet çekýän baýry kärendeçileriň
biri-de Baýramaly etrabynyň “Gökdepe” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletjan
Öwezmyradowdyr. Döwletjan agany etrabyň çäginde tanamaýan ýokdur. Ol özüniň
kärende ýerleri bilen çäklenmän, boz ýatan ýerleri hem özleşdirip, ýeriň
ýagdaýyna görä dürli ekinleri ekip, 
atyzlaryň gyralaryny bagy-bossanlyga öwürýär. Onuň zähmetiniň siňen ýeri
sanly wagtyň içinde belli bolýar. Maşgalasy 
bilen yhlasly zähmet çekýän Döwletjan aga ýylyň-ýylyna pagtanyň, bugdaýyň,
gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrýar.



Biz hem işjeň agzamyz Döwletjan aganyň
kärende ýerinde bolup, onuň armasyny ýetirdik. Her bir taşlan tohumynyň müň
bolup yzyna gaýdyp gelmegini arzuw etdik. Bu ýyl hem dänäniň bol hasylyny
yrýasyz ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny dolup, has-da ruhlanan daýhan
bugdaýyň yzyna 20 gektar ýere ýeralma 
ekdi. Ol bizi kärende ýeriniň beýleki böleklerindäki dürli miwedir  bag-bakjalaryna aýlady. Ýere yhlas, zähmet siňdirseň,
rehnediniň başga bolýandygyna pomidorly, hyýarly, garpyzdyr kädili pellerde
has-da göz ýetirmek bolýar. Hatar tutup oturan miweli baglary görüp, boz ýatan
ýerleriň hem dilini tapyp bolýandygynyň, topragyny özleşdirseň, suwuny,
dökünini kadaly berseň jennete öwrülýändiginiň şaýady bolduk.



Döwletjan
aga:



— Döwletimiz
tarapyndan döredilip berilýän ýeňillikler esasynda işlemek daýhan üçin diýseň
bähbitli. Çekýän zähmetiň hem ýeňilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagallalary bilen şan-şöhrata, uly üstünliklere beslenýän şu ýylymyz tutuş
ýurdumyz, mähriban halkymyz üçin guwançly, taryhy ýyllaryň biri bolar. Sebäbi şu
ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň toýuny giňden bellemäge
taýýarlyk görülýär. Bu uly senäni, ata Watanymyzyň adyny arşa göteren, bütin
dünýäde ykrar edilen beýik derejämiziň baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgady
bilen garşy almak her bir adam üçin mukaddes borç bolup durýar — diýip,
öwüt-ündewli sözleriniň üstüni ýetirdi. Bu agzybir maşgala şeýle paýhasly
ýörelgeden ugur alyp, öz öňlerinde belent maksatlary goýýar. Olaryň bu ýagşy
arzuw-niýetleriniň hasyl boljakdygyna ekinli meýdanlaryna seredeniňde,  kalbyňda berk ynamly duýgular  döreýär.



 

Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06817 sek. ýüklenen baýt: 34004