Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GYMMATLY GOLLANMA
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

GYMMATLY GOLLANMA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan, eserleri bagtyýar halkymyz üçin serpaý, bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.

Lukman, Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyza peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby ildeşlerimiz üçin ajaýyp,  iň uly sowgatdyr. Lukmançylyk ähmiýetli bu kitabyň 12-nji jildi çapdan çykdy.

 Bize mälim bolşy ýaly, kitaby okanyňda  sende  keremli toprakda bitýän  dermanlyk   ot-çöplere,  tebigata    söýgi  döredýär.  Esasan-da kitapda 120 sany häzire çenli öwrenilmedik dermanlyk ot-çöpler barada giňişleýin maglumat berlipdir. Şeýle hem kitapda her bir öwrenilýän dermanlyk ösümlikleriniň keşbi, reňki beýan edilip, olaryň atlary türkmençe, rusça, latynça görkezlendigine göz ýetirýärsiň. Arkadag Prezidentimiziň özüniň bu kitabynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň haýsy kesele dermandygy olaryň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň  “Saglyk”  Döwlet maksatnamasynyň giň gerim almagyna uly goşantdygy hem muňa doly güwä geçýär.

Her bir ynsan kitaby durmuşynyň aýnasy hasaplaýar. Çünki, kitap okaýan adamyň aň-düşünjesi, pähim-paýhasy, durmuş tejribesi özüne ýetik bolýar. Onuň üçin gyzykly, täsirli kitaplary okamagy başarmaly. Lukman Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen dörän her bir eseri ürç edip okalmaga mynasypdyr.

Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09781 sek. ýüklenen baýt: 30603