Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
PARAHATÇYLYGYŇ DABARALANÝAN ÝURDY
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

PARAHATÇYLYGYŇ  DABARALANÝAN  ÝURDY

Bagtyýarlygyň saýasynda bagta tarap okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda dünýäniň halkara gatnaşyklary ulgamynda uly orny eýeleýär. Ýurdumyz özüniň anyk ýörelgelerine, aýdyň maksatlaryna esaslanýan köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn häsiýetdäki daşary syýasatyny amala aşyrýar. Döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty häzirki döwrüň derwaýys meselelerini oňyn çözmek, öňe sürülýän möhüm halkara başlangyçlaryny, parahatçylygy, howpsuzlygy we abadan ýaşaýyş-durmuşy üpjün etmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirlendir.


Hemişelik Bitaraplygyny we özbaşdaklygyny gazanan Türkmenistan Merkezi Aziýada BMG-niň esasy ýörelgelerini ygtybarly durmuşa geçiriji bolup çykyş edýär. Türkmen Bitaraplygy dünýä çägindäki umumy meseleleriň oňyn çözülmegine köptaraply, amatly täsir edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we agzybirligiň dabaralanýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar.


Bitaraplyk — biziň türkmen halkymyzyň hiç haçan sabyr-takady elden bermedik päk kalbynyň, ynsanperwer aň-düşünjesiniň önümidir. Hut şonuň üçin hem halk arasynda «Daş bilen urany — aş bilen ur», «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar», «Hoşamaý söz süňk döwer» ýaly pähim-paýhasly jümleler bar. Biziň halkymyz ylalaşdyryjylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyksöýüjilik, geçirimlilik, sabyrlylyk ýaly ýörelgelere berk eýerýän halkdyr.

 




Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05662 sek. ýüklenen baýt: 31296