Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Gün düş­me­ýän şä­her Gü­ne aý­na­dan se­re­der
Ýazylan wagty: 23 ноября 2013 Ýazan Betman
Gün düş­me­ýän şä­her Gü­ne aý­na­dan se­re­der

Nor­we­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Os­lo­nyň 150 ki­lo­metr gün­ba­ta­ryn­da­ky Rýu­kan şä­her­çe­si­niň daş-tö­we­re­gin­de be­ýik dag­lar bar. Şol se­bäp­li bu ýe­re ýy­lyň uly bö­le­gin­de Gün şöh­le­si düş­me­ýär.
 

 Se­na­gat taý­dan ösen şä­her­çä­niň ýa­şaý­jy­la­ry tä­ze oý­la­nyp ta­py­lan usu­lyň ne­ti­je­sin­de Gün   şöh­le­sin­den mah­rum bol­maz­lar. Hü­när­men­ler şä­he­riň gar­şy­syn­da­ky de­pä­niň iň ýo­kary­sy­na ýer­leş­di­ri­len aý­na­lar ar­ka­ly gyş pas­lyn­da hem Gün şöh­le­si­ni şä­he­re ser­pik­dir­me­gi ba­şar­dy­lar. Ila­ty 3 müň 500 adam bo­lan şä­her­çe­de aý­na­lar üçin 835 müň dol­lar sarp edil­di. Gün şöh­le­si­ni bel­li bir ug­ra ser­pik­dir­mä­ge ni­ýet­le­nen ge­li­os­tat at­ly bu aý­na­lar Gün şöh­le­si­ni ýyg­nap, şä­he­ri ýag­ty­lan­dyr­ýar. As­lyn­da, be­ýik de­pe­le­re aý­na­la­ry goý­mak ba­ra­da­ky pi­kir bir asyr ozal dö­räp­dir. Em­ma bu di­ňe hä­zir­ki wagt­da ha­ky­kat ýü­zü­ne ge­çi­ril­di. “Norsk Hyd­ro” şe­re­ke­ti­niň düý­bü­ni tu­tu­jy Sam Eyde 1907-nji ýyl­da bu pi­ki­ri il­kin­ji bo­lup or­ta atyp­dyr. Ga­raň­ky jül­ge­de gid­roe­lekt­rik za­wo­dy­ny gu­rup iş­le­dip baş­lan Eyde şol döw­rüň teh­no­lo­gi­ýa­sy ýet­mez­çi­lik eden­li­gi se­bäp­li bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­rip bil­män­dir. Şä­he­riň ýol­baş­çy­la­ry Gün şöh­le­si­ni has köp al­ýan şä­he­re gyş pas­lyn­da gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň art­jak­dy­gy­na umyt bag­la­ýar­lar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak 2006-njy ýyl­da Ita­li­ýa­da­ky Wi­ga­nel­la oba­syn­da hem Gün şöh­le­sin­den has köp peý­da­lan­mak üçin ser­pik­di­ri­ji aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan po­lat­dan ge­li­os­tat gur­lup­dyr.


Okalan sany: 417   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
24 ноября 2013

öň zaman gazetinde okapdym.

Betman
25 ноября 2013

hawa saytyndadam bar,good 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06078 sek. ýüklenen baýt: 33029