Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÝOKARY IŞJEŇLIK BILEN
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

ÝOKARY   IŞJEŇLIK  
BILEN

Milli Liderimiziň daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasaty ýurdumyzda has-da rowaç alýar. Adam eli bilen döredilen bagy-bossanlyk gözlere röwşenlik, janyňa rahatlyk bermek bilen çäklenmän, haýwanat dünýäsiniň köp wekilleriniň köpelmegine täsirini ýetirýär. Tebigatda biodürliligi saklamaga we köpeltmäge öz oňaýly täsirini ýetirýär.

Geçen şenbe güni, adat bolşy ýaly,
ýurdumyzyň çar künjeginde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Paýtagtymyzda
geçirilen bag ekmek dabarasyna Gahryman Prezidentimiziň gatnaşmagy bu
köpçülikleýin çärä aýratyn dabara berdi. Mary — Baýramaly ýolunyň ugrunda,
Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda
welaýat derejesinde geçirilen bag ekmek dabarasy ýokary işjeňlige,
ruhubelentlige beslendi. Bu köpçülikleýin çärä welaýat, etrap, şäher
häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň wekilleri, bilim işgärleri,
talyp ýaşlar, ak sakgally ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Bu ýerde ir
säherden başlan aýdym-sazyň jadylaýjy owazy belentden ýaňlandy. Welaýatymyzyň
meşhur sungat işgärleriniň, aýdym-saz, tans toparlarynyň täsirli çykyşlary çärä
aýratyn öwüşgin çaýdy.



Ýaşuly nesliň
baş bolmagynda çärä gatnaşyjy adamlar bag nahallaryny oturtmaklyga işjeň girişdiler.
Bag ekiljek meýdanda gurnalan ak öýler, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar,
hatara oturdylan bag nahallary zähmet baýramçylygyna öwrülen çäräni toý-dabara
besledi.



Ýaş baglary
köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralar, diňe bir ildeşlerimiziň
belent ruhly zähmetleriniň baýramynyň däl, eýsem, hormatly Prezidentimiziň
döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ýokary
gujur-gaýratynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. 


Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05641 sek. ýüklenen baýt: 32827