NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
DABARASY DAG AŞAN TOÝ
Şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk
toýunyň bellenilýän Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda welaýatymyzyň
edermen, zähmetsöýer babadaýhanlary döwlet harmanyna 345 müň tonnadan gowrak
bugdaý, 365 müň tonnadan gowrak pagtany, şeýle-de maldarçylyk, gök-bakja, miwe,
azyk we beýleki önümleri artygy bilen tabşyryp, Hasyl toýuna mynasyp sowgatly
geldiler.
Ýekşenbe güni uludan tutulan Hasyl
toýy Mary şäheriniň golaýyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda geçirildi.
Toýa welaýatymyzyň welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylary, il
sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar, myhmanlar gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna
beslenilip giňden bellenilen Hasyl toýunyň geçirilýän ýerinde hormatly
Arkadagymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp beren tehnikalarynyň, zähmet
gurallarynyň buýsandyryjy hatarlary töwerege bezeg berýär. Galla, pagta, dokma,
maldarçylyk, gök--bakja, miwe, ir-iýmiş we beýleki önümleriň baý sergileri toý şowhunyny
has-da artdyrýar. Milli saz gurallarymyzyň, şaý-seplerimiziň, saryja goýnunyň
ýüňünden dokalan haly we haly, keçe önümleriniň, milliligimize degişli gadymy
gymmatlyklarymyzyň janly görkezmeleri toýa ajaýyp görnüşleri bagyş etdi.
Türkmen alabaýynyň, dal bedewleriň, bezelen düýeleriň, goýundyr geçileriň, çöl
haýwanlarynyň we ösümlikleriniň bu ýerde bolmagy toýa gelenlerde täsin
duýgulary oýardy.
Gahryman Arkadagymyzyň döwet
galamynyň astyndan çykan, gymmaty
egsilmez kitaplarynyň toplumlary, toýa gelenlere hödürlenen melhemlik
içgileri toý märekesiniň buýsanjyny artdyrdy. Döredijilik işgärleriniň şol
gymmatly eserler esasynda taýýarlanan kompozisiýalarydyr sahna çykyşlary tomaşaçy märekä şatlyk
paýlady. Toý meýdançasynyň merkezinde bezelen sahnada medeniýet we sungat
ussatlarynyň, meşhur bagşylaryň aýdym-sazly, dürli tansly, çeper sözli çykyşlary
guralyp, olar adamlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Hasyl toýunyň
dowamynda dabaraly ýagdaýda tanymal, öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerine gymmat
bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uludan tutulan Hasyl toýunda gutlag
sözleri belentden ýaňlandy. Şirin owazly aýdymlarda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Watanymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň waspy ýetirildi.