Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GAZÇYLARYŇ ZÄHMET GADAMLARY
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

GAZÇYLARYŇ ZÄHMET GADAMLARY

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Üçajy» 3-nji gazy arassalaýjy we guradyjy sehi öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir. Indi otuz ýyldan-da köpräk wagt bäri önüm berip gelýän bu gaz käniniň  mawy ýangyjy düzüminiň arassalygy bilen tapawutlanýan ýataklaryň biridigini bellemelidiris. Şoňa görä, bu gaz käninden çykarylýan harytlyk tebigy gaz “Bagtyýarlyk” gaz gysyjy desgasy arkaly daşary bazara ugradylýar. Häzir bu ýerde iki iş çalşygynda gazçy hünärmenleriň  hem-de beýleki işgärleriň ýüze golaýy arman-ýadaman zähmet çekýär.


«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylyň geçen aýlaryny ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlän bu öňdebaryjy zähmet toparynyň işgärleri her gije-gündizde 24 —25 million kubmetr tebigy gazy çykarmagyň hötdesinden gelýärler. «Garaşsyzlygyň on ýyllygy» adyndaky, «Ýolguýy», «Çymçykly» gaz känlerindäki ulanyş guýularyndan çykarylýan mawy ýangyç ýokary basyşly gaz geçiriji arkaly şu sehe akdyrylýar. Bu seh tebigy gazyň senagat taýdan düýpli gaýtadan işlenilýän ýeridir. Sehiň işgärleri şu ýerdäki enjamlaryň işleýşine yzygiderli gözegçilik edýärler. Şonuň netijesinde, enjamlaryň tehnologik talaplara laýyk, saz işlemegi üpjün edilýär. Sehiň enjamlarynda mawy ýangyjyň  düzüminiň ýokary hilli arassalanylyşyna, guradylyşyna we harytlyk gazyň taýýarlanylyşyna işgärler sanly ulgam arkaly gözegçilik edýärler.


Kärhanada dünýä ölçeglerine laýyk gelýän harytlyk tebigy gazyň işlenilip, çykarylmagynda şu ýerdäki gaz gysyjy bekediň inženeri Rahym Muhammetdurdyýew, ussa Baýram Agamyradow, bejeriji Akmuhammet Çaryýew, maşinistler Ilnur Täjibaýew, Begenç Gurbanow, Şamyrat Orazmämmedow dagynyň mynasyp paýlary bar.


— Nesip bolsa, döwletimiziň Bitaraplygynyň    25   ýyllyk  şanly  baýramçylygyna zähmet sowgatlarymyz   bilen  bararys —  diýip, «Üçajy» 3-nji gazy arassalaýjy we guradyjy sehiň esasy inženeri Agajan Agajanow gürrüň berýär.


Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08733 sek. ýüklenen baýt: 34562