Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
FUTBOLÇYLARYŇ ÝARYŞY
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

FUTBOLÇYLARYŇ   ÝARYŞY
Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly türkmen halkynyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen tagallalary gowy netijelerini berýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýaryşlarda şowly çykyş edýän türgenleriň sanynyň ýylsaýyn artýandygy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda sportuň ösdürilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyna-da itergi berýär.


Şu günüň talabyndan ugur alnyp, golaýda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde futbol boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Welaýatymyz boýunça geçirilen bu ýaryşa futbol toparlarynyň 8-si gatnaşdy. Has takygyny aýtsak, welaýatymyzyň futbolçylarynyň ýaryşynda ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinden futbolçylar toparlarynyň 3-si, Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebinden, Baýramaly, Ýolöten, Türkmengala, Wekilbazar etraplaryndan futbol toparlary güýç synanyşdylar. Futbolçylaryň oýunlarynyň ilkinji pursatlaryndan türgenleriň bu ýaryşa ykjam taýýarlykly  gelendikleri äşgär boldy. 


Iki günläp çekeleşikli dowam eden bu bäsleşikde eminlere ýeňijileri   kesgitlemek   ýeňil  düşmese-de, has erjellikleri, çalasynlyklary, başarnykly tälimleri bilen tapawutlanan toparlar ýeňiji diýlip yglan edildi. Janköýerlerde uly täsir galdyran bu ýaryşda ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň futbolçylary 1-nji orny eýelediler. Mary şäheriniň topary  2-nji, Türkmengala etrabynyň futbol topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Okalan sany: 31   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05574 sek. ýüklenen baýt: 31134