Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GREK — RIM GÖREŞINiŇ ÝEŇIJILERI
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww

GREK — RIM  GÖREŞINiŇ  ÝEŇIJILERI

                                                                                      

Garaşsyz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna her pudak zähmet sowgatlary bilen barýar. Bu sportda-da şeýle. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda gurduryp beren döwrebap sport mekdeplerinde ussat türgenleriň täze nesli kemala gelýär.


IEtrabymyzda şeýle sport mekdepleriniň 2-si bolup, olarda sportuň dürli görnüşlerinden türgenleriň ýüzlerçesi ussatlardan tälim alýar. Etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebiniň türgen ýaşlary ussat tälimçi Güýçgeldi Atabaýewden tälim alyp, grek-rim göreşi boýunça gazanýan ýeňişleri bilen guwandyrýarlar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramyna bagyşlap, grek-rim göreşi boýunça  welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.


Bu ýaryşda türgenlerimiz Mergen Batyrow, Yhlas Kakajanow, Allanazar Gowşudow dürli agramlarda garşydaşlaryndan üstün çykyp, baýrakly orunlary eýelediler. Grek-rim göreşinden etrabymyzda geçirilen ýaryşda Şöhrat Berdigylyjow, Amansähet Röwşenow ýeňiji boldular. Şanly baýram mynasybetli guralýan sport ýaryşlary oňat netijeleri bilen diňe bir türgen-tälimçilerimizi däl, eýsem, etrabymyzyň sport janköýerlerini-de guwandyrýar.

Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07102 sek. ýüklenen baýt: 30936