Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ýeñijilere baýraklar gowşuryldy
Ýazylan wagty: 23 ноября 2020 Ýazan Merwww
21-nji noýabrda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda çempionatymyzyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda bassyr ýedinji çempionlygyny gazanan «Altyn Asyr» topary Marynyň «Energetigi» bilen duşuşdy.

Birtaraplaýyn hüjümlere syrygan bu oýunda «Altyn Asyr» uly hasap bilen (6:0) üstün çykdy. Bu tapgyrdan soň «Altyn Asyr» utugyny 67-ä ýetirdi. 12 utugy bolan «Energetik» bolsa iň soňky, 8-nji orunda galdy.

Bu duşuşykda netijeli urgularyň dördüsini geçiren Altymyrat Annadurdyýew 35 goly bilen çempionatymyzyň iň köp top geçiren oýunçylarynyň arasynda öňdäki orny eýelemegini dowam edýär.

Bu oýnuň yzyzsüresi Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan çempion bolan topara sylaglary gowşuryldy. TFF-niň Baş sekretary Arslan Aýnazarowyň gatnaşmagynda geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda «Altyn Asyr» hem-de bu toparyň ýaşlar düzümi bolan «Altyn Asyr II» toparlaryna Kubok bilen birlikde medallardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, «Altyn Asyr» topary çempionatymyzyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda bassyr ýedinji çempionlygyny gazanmagy başarypdy.

«Altyn Asyr II» topary bolsa ikinji gezek geçirilen Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde ýeňiji bolmagyň hötdesinden geldi. Aziz Kambarowyň tälim berýän «Altyn Asyr II» toparynyň baş baýraga bassyr ikinji ýyl mynasyp bolýandygyny ýatladýarys.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda üçünji orun ugrunda bäsleşýän «Köpetdag» «Ahaldan (1:2), «Şagadam» bolsa «Merwden» (1:2) myhmançylykda üstün çykdylar. Gazanan bu ýeňişlerinden soň üçünji orny eýeleýän «Şagadam» 43, dördünji orunda ornaşan «Köpetdag» bolsa 40 utuk toplamagy başardylar.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy Balkanabatda geçirilip, onda ýerli «Nebitçi» «Aşgabatdan» 2:3 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

«Aşgabat» toparynyň (33 utuk) bäşinji orny eýelemegini dowam edýändigini ýatladýarys. 23 utugy bolan «Nebitçi» 7-nji orny eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji noýabrda geçirilip, onda «Köpetdag» – «Şagadam», «Merw» – «Nebitçi», «Aşgabat» – «Altyn Asyr» hem-de «Energetik» – «Ahal» toparlary duşuşarlar.



26-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Altyn Asyr» – «Energetik» – 6:0

Gollar: 41 Begenç Akmämmedow, 60 Mihail Titow, 70,79,84, 87 Altymyrat Annadurdyýew ("Altyn Asyr")

Duýduryşlar: G.Jumagulyýew, oýundan soň (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)



«Ahal» – «Köpetdag» – 1:2

Gollar: 16 Murat Ýakşiýew (“Ahal”) – 57 Yhlas Saparmämmedow, 79 Şiri Annaýew, 11 m.j.u. (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 10 Murat Ýakşiýew, 17 Ilýa Tamurkin, 63 Güýçmyrat Annagulyýew, 78 Mirza Beknazarow (“Ahal”) – 90+4 Şazada Bäşimow (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)



«Merw» – «Şagadam» – 1:2

Gollar: 33 Pirmyrat Gazakow (“Merw”) – 58 Hydyr Ýakubow, 61 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 52 Amangeldi Saparow (“Merw”) – 36 Hemra Amanmämmedow, 82 Musa Nurnazarow, 90+1 Aleksandr Klimenko, baş tälimçi (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)



«Nebitçi» – «Aşgabat» – 2:3

Gollar: 75 Alibek Abdyrahmanow, 90+3 Azat Garajaýew, 11 m.j.u. (“Nebitçi”) – 43, 11 m.j.u, 87 Nazar Towakelow, 70 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 40 Muhammet Annaýew (“Nebitçi”) – 14 Döwran Hojamämmedow, 25 Nazar Towakelow, 67 Daýanç Nuryýew (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)
Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08737 sek. ýüklenen baýt: 33680