Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTAN ŽENEWADA GEÇIRILÝÄN OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞÝAR
Ýazylan wagty: 24 ноября 2020 Ýazan Merwww
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýär.

Bu maslahat dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan bolan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi.

Maslahat halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmeginiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň hem-de ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň barşynda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň täsirli guraly we netijeli platformasy bolup durýandyr. Parahatçylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy esasy üns merkezinde saklanýandyr.

Maslahatyň çäklerindäki ýokary derejeli duşuşygyň barşynda «Owganystan boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk» temasy boýunça çykyş etmek bilen, R.Meredow Türkmenistanyň Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine uly ähmiýet berýändigini hem-de owgan halkynyň döwletliliginiň, ykdysady inegrasiýasynyň hem-de abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara tagallalaryna ähli ugurlarda ýardam etmeklige synanyşýandygyny belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň bu ugurda iş ýüzündäki anyk hereketleri durmuşa geçirýändigini nygtady. Iki goňşy ýurduň hyzmatdaşlygy durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli iri taslamalara hem-de maksatnamalara esaslanýandyr.

Owganystanyň ählitaraplaýyn ösüşi üçin ykdysadyýetiň energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly ulgamlarynyň aýratyn ähmiýetini nazarda tutmak bilen, Türkmenistan ençeme iri halkara infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereket edýär. Türkmen tarapynyň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýollarynyň gurluşygynyň ilerledilmegine aýratyn ygrarlylygy bellenilip geçildi.

Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Owganystan bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Köpsanly owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, okuwlaryny tamamlanlar bolsa Owganystanyň dürli döwlet edaralarynda zähmet çekýärler we şunuň bilen hem ýurduň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan tarapyndan 2020-2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamasynyň çarçuwasynda ileri tutulýan hereketler dogrusynda gürrüň berdi. Türkmenistanyň Hökümeti doganlyk ýurda durmuş maksatly ençeme desganyň gurluşygyny amala aşyrmak arkaly hem ynsanperwerlik häsiýetli kömegini berýändir. Türkmenistan Balh welaýatynda mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda çaga dogrulýan öýi gurup ulanmaga berdi. Ýakyn wagtda bolsa türkmen tarapynyň ýardam etmeginde Owganystanda gurlan 500 adamlyk metjidiň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Bularyň ählisi mysal hökmünde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de durnukly ösüşe tarap ynamly gadam basýan Owganystana goldaw bermek işinde köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna çagyryş hökmünde beýan edildi.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06703 sek. ýüklenen baýt: 32133