Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygyna bagyşlanan halkara serginiň geçiş tertibi
Ýazylan wagty: 02 декабря 2020 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygyna bagyşlanan halkara serginiň geçiş tertibi
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi öz işine başlady

«Türkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergini geçirmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini giňden şöhlelendirmek maksady bilen guralýan gözden geçiriliş ýörite ugurlar boýunça 12 günläp dowam eder. Meýilnama laýyklykda, onuň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça degişli resminamalara hem gol çekiler. 

Biz «Türkmenportalyň» okyjylaryny halkara serginiň geçiş tertibi bilen tanyşdyrmagy makul bildik:

1-nji dekabr — Söwda toplumynyň güni. Halkara forumyň açylyş dabarasyndan soň , «ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän türkmen halysy milli guwanjymyzdyr» atly tanyşdyryş dabarasy geçiriler. Şeýle hem görkezilişi boljak ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň we hususy telekeçileriň täze tikinçilik önümleri, eksport ugurly harytlarynyň birža söwdalary günüň esasy wakasyna öwrüler. 

2-nji dekabr — Oba hojalyk toplumynyň güni. Günüň dowamynda geçiriljek maslahatlaryň, görkeziliş, tanyşdyrylyş dabaralarynyň özenini «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Aral deňzi boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny amala aşyrmak babatda başlangyçlary we olaryň durmuşa geçirilişi» atly tegelek stol maslahaty düzer. 

3-nji dekabr — Nebitgaz toplumynyň güni. Toplumda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalaryň, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň mahabat-tanyşdyryş dabarasy bolar. Şeýle hem ýörite tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we magdan serişdeleri görkeziler.

4-nji dekabr — Gurluşyk we senagat toplumynyň güni. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň, «Akylly şäher» taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy günüň möhüm ähmiýetli wakalary bolar. 

5-nji dekabr — Ulag we aragatnaşyk toplumynyň güni. Toplumda ulag, elektron aragatnaşygy, sanly ulgam boýunça ýetilen sepgitler aýratyn bellenilmelidir. Şoňa görä, «Sanly çözgüt — 2020» atly innowasion çözgüt we beýlekiler maslahatlaryň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň özenini düzer. 

6-njy dekabr — Ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş toplumynyň güni. Talyp ýaşlaryň we ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy we beýlekiler günüň ähmiýetli wakalary bolar. 

7-nji dekabr — Medeniýet toplumynyň güni. Bellemeli zat, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmekde medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişli. Şoňa görä, degişli ugur boýunça ylmy maslahat geçiriler. Amaly-haşam, çeperçilik sungatynyň eserleriniň, neşir önümleriniň tanyşdyrylyşy we beýleki dabaralar bolar. 

8-nji dekabr — Ykdysadyýet we bank toplumynyň güni. Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, onuň giň mümkinçiliklerine bagyşlanan çäreler günüň esasy wakasy bolar. 

9-njy dekabr — Kada-kanunyň güni. «Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda dabaralanmasy» atly maslahat, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy kararlary we döwletiň ösüşini üpjün etmegiň esasy wezipeleri» atly ylmy maslahat geçirilip, onda degişli ugurlar boýunça möhüm meselelere garalar. 

10-njy dekabr — Welaýatlaryň güni. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalara, ýetilen sepgitlere bagyşlanan dabaralar günüň wakalarynyň özenini düzer. 

11-nji dekabr — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güni. Milli Liderimiziň «Bitaraplyk» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy aýratyn ähmiýetli waka bolar. Şeýle hem «Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy» ady bilen geçiriljek duşuşyklar ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki mynasyp ornuny görkezer.

12-nji dekabr — serginiň jemleýji güni. Halkara Bitaraplyk gününde bu gün aýratyn meýilnama esasynda guralyp, gözden geçirilişiň jemi jemlener. Halkara foruma gatnaşyjylara Diplomlar gowşurylar.
Okalan sany: 252   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08142 sek. ýüklenen baýt: 36132