Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmenistanyň Halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň şahsy sergisi ...
Ýazylan wagty: 25 ноября 2013 Ýazan GundogarNews
Türkmenistanyň Halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň şahsy sergisi 

2013-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň şahsy sergisini guraýar.          Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýew 1933-nji ýylyň 5-nji iýunynda eneden bolýar. 1951-nji ýylda Aşgabadyň Ş.Rustaweli adyndaky çeperçilik mekdebini, 1965-nji ýylda Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky döwlet çeperçilik institutyny tamamlaýar. Sungatyň inçe syrlaryny kämil ele alan suratkeş özüniň diplom işini türkmen halyçylaryna bagyşlap, “Türkmen halyçylary” diýen eserini ýazýar. 1957-nji ýyldan başlap öz ýurdumuzda we halkara sergilere gatnaşyp başlaýar, özbaşdak sergilerini geçirýär. 2002-nji ýylda Daşkentde geçirilen häzirki zaman sungatynyň 2-nji biýennalyna gatnaşýar.   

       Döredijilik sapary bilen Argentinada, Bolgariýada, Eýranda, Mongoliýada, Türkiýede, Ýaponiýada boldy. Onuň eserleri Türkmenistanyň  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde, Tretýakow galereýasynda, Moskwanyň Gündogar halklarynyň sungaty muzeýinde, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hususy kolleksiýalarynda saklanylýar.       

  Ç.Amangeldiýewiň  eserlerinde türkmen durmuşy, mähriban Diýaryň gözellikleri, onuň adamlarynyň nurana keşbi çuňňur mana ýugrulyp, reňkleriň ajaýyp sazlaşygynda öz beýanyny tapýar. Onuň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan eserlerinden guralan bu günki sergisinde, döwletimiziň döredijilik adamlarynyň portretleri, baý tebigatymyzy wasp edýän tematiki işleri ýerleşdirildi.  

       Bu sergide ussadyň reňk toplumyndan emele gelen Hanlar hany Baýram hanyň portretinden başlap, N.Ýomudskiniň, Şükür bagşynyň, Kordyşyň, Akademik Smirnowyň, syýasy ýolbaşçy N.Saryhanowyň portretleriniň üsti bilen ussat türkmen taryhy,  ylmy barada söz açýan bolsa, S.Jepbarowyň, B.Annanowyň, A.Durdyýewiň, suratkeş A.Kulyýewiň, M.Garlyýewiň, O.Ylýasowyň portretleriniň üsti bilen türkmen medeniýeti, bagşy-sazandalary, olaryň belent owazlary barada söhbet edýär. “Baýyrdaky şäher”, “Enelik”, “Hiňňildik” atly eserlerinde bolsa Ç.Amangeldiýew gündelik durmuşy wasp edýär .  

  Türkmen nakgaşlarynyň arasynda tanymal suratkeşleriň biri  hasaplanýan bu ussat nakgaş, uly taryhy we köp portret eserleri bilen çykyş edýär. Ondan başga-da Ç.Amangeldiýewiň döredijiliginde peýzažlar uly orny eýeleýär we ol grafika eserlerinde hem üstünlikli işleýär.   

      Türkmenistanyň Halk suratkeşi Çary Amangeldiýewe geljekde hem janynyň sag bolup, sungat äleminde  uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris. 

See more at: http://gundogar-news.com


Okalan sany: 573   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
25 ноября 2013

Iň birinji suratdaky meň öýümde ýaşaýana meňzäp dur. 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13171 sek. ýüklenen baýt: 36748