Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BÖKDENÇSIZ AKYM ÜPJÜN EDILÝÄR
Ýazylan wagty: 14 декабря 2020 Ýazan Merwww

BÖKDENÇSIZ  AKYM  ÜPJÜN  EDILÝÄR
                                                                               
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gaz senagaty pudagyny ösdürmekde giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Tebigy gazy çykarmakda, ony gaýtadan işlemekde gazçylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýokary netijeler gazanylýar. Täze gaz ýataklarynyň üstüni açmakda, gazly ýerlerde burawlaýşyň işlerini geçirmekde uly aladalar edilýär. Gaz guýularyny düýpli abatlamakda, olaryň gaz berijiligini artdyrmakda bitirilýän işleriň depgini ýokarlandyrylýar.
Tebigy gazy sarp edijilere bökdençsiz akdyrmak, düýpli basyşly gaz geçirijileriň howpsuz we ygtybarly işini üpjün etmek hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmekde “Gündogargazçykaryş” müdirliginiň gazçylary uly işleri bitirýärler. Olar welaýatymyzyň çäginde ilaty we edara-kärhanalary mawy ýangyjyň akymy bilen üznüksiz üpjün etmekde arman-ýadaman aladalanýarlar. Müdirligiň 1-nji gullugynda gaz paýlaýjy beketleriň 33-si, gaz sazlaýjy düwünleriň 5-si bolup, olaryň hemişe saz işlemegi gazanylýar. Elbetde, bu işiň aladasam, jogapkärçiligem ýetik. Müdirligiň işine ezber gazçylary dürli basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky gaz paýlaýjy we tebigy gazyň akymyny sazlaýjy desgalaryňam talaba laýyk işledilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şu günler müdirligiň işine ezber gazçylary üstümizdäki — Türkmenistan  —  — Bitaraplygyň mekany ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemlemek üçin döredijilikli zähmet çekip, gowy netijeleri gazanýarlar. 

Islendik edara-kärhanada  tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi wajyp wezipe bolup durýar. Welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň welaýat agyz suw müdirliginde-de bu meselä hemişe uly üns berilýär. Bu babatda degerli işler geçirilýär. Müdirligiň tehniki howpsuzlyk we raýatlary goramak bölüminiň başlygy Ýazdurdy Öwezow yzygiderli aladalanyp, bellenilen howpsuzlyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegini üpjün edýär. Ol müdirligiň işgärleri bilen gözükdirmeleri, okuw-maslahatlary geçirip, önümçilikde heläkçilikli hadysalaryň aradan aýrylmagy ugrunda aladalanýar. Şeýle ýadawsyz aladalaryň netijesinde müdirlikde tehniki howpsuzlygyň  düzgünleriniň bozulmalary aradan aýrylýar.

Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Janmämmet Gulamşaýew her bir geçirýän sapagynda sanly ulgamdan peýdalanyp, çagalara döwrebap bilim berýär. Ol öz işini döredijilikli alyp barýan, kärini we çagalary söýýän mugallymlaryň biri hasaplanýar.
Janmämmet mugallym bilim ulgamynda birnäçe ýyl bäri zähmet çekýär. Onuň her bir sapagy okuwçylar üçin örän täsirli geçýär. Çünki, ol işinde ösen tehnologiýalardan, görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanýar. Janmämmet mugallym ýaş nesillerimiziň edepli-ekramly,  ylymly-bilimli, Watana wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerini özüniň uly borjy hasaplaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygy baradaky aladasyna jogapkärçilikli garalýar. Çünki, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri lukman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, jemgyýetiň sagdyn ýaşamagy, ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin uly işleri alyp barýarlar.

Welaýat köpugurly hassahanasynyň çagalar hirurgiýasy bölüminiň şepagat uýasy Ogulmaral Gurbanowa hem çagalaryň sagdyn ösüp--ulalmagy üçin gije-gündiz alada edýär. Ol bölüme gelýän çagalara mähir bilen oglum-gyzym diýip ýüzlenýär. Çagalary barlaýan wagtynda olaryň ünsüni çekýän soraglary berip, ruhuny göterýär. 
Hawa, hassahananyň çagalar hirurgiýasy bölüminiň şepagat uýasy Ogulmaral Gurbanowa körpeleriň alkyşyny gazanyp, olaryň saglygyny dikeltmäge çalyşýar. Şonuň üçinem, onuň çagalaryň saglygyny goramakda edýän yhlasy ýerine-de düşýär. 




Okalan sany: 241   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06921 sek. ýüklenen baýt: 34572