Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
SAGLYK WE BILIM ÇEŞMESI
Ýazylan wagty: 14 декабря 2020 Ýazan Merwww

SAGLYK  WE  BILIM  ÇEŞMESI

Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi örän baý. Ösümlikler ynsanyň kesellere garşy durnuklylyk derejesini ýokarlandyrýar we şol bir wagtyň özünde kesellere garşy göreşmek ukybyny artdyrýar, bu bolsa häzirki döwürde fitoterapiýa ulgamynyň, halk lukmançylyk usullarynyň giňden ulanylýandygyny alamatlandyrýar. 
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik eseri dünýäniň köp dillerinde terjime edilmegi bilen, daşary ýurtly ylmy toparlarda giň meşhurlyga, ýokary ykrarnama eýe boldy. Onda türkmen topragynda bitýän we milli lukmançylyk tejribesinde ýüzýyllyklaryň dowamynda netijeli peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň ylmy işleri fitoterapiýanyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Täze gözlegler we möhüm açyşlar üçin ygtybarly binýat bolýar. Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ylmy kitabynda milli lukmançylyk mirasy hakynda hem giňişleýin maglumatlar berilýär. Halk lukmançylygynda toplanan tejribeler häzirki döwürde öz ähmiýetini ýitirmän, häzirki zaman ylmynda we tejribesinde giňden ulanylýar. Kitapda örän köp peýdaly maglumatlar, türkmen, rus, latyn dillerinde dermanlyk ösümlikleriniň sözlügi, olary ýygnamagyň senenamasy, guradylyşy we saklanylyşy barada maglumatlar berilýär. Ýurdumyzyň derman öndürijileri döwlet Baştutanymyzyň kitabyndaky maglumatlary özleşdirmek bilen bilelikde mähriban Diýarymyzda ösýän ösümlikleriň köklerinden we miwelerinden täze derman serişdelerini işläp taýýarlaýarlar we olaryň öndürilýän möçberlerini artdyrýarlar. 

 Döwlet Baştutanymyzyň her bir kitabynda okyjyny ruhlandyryjy pikiri, güýji tapmak bolýar, mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgi, Diýarymyzyň ajaýyp we beýik geljegine bolan berk ynam äşgär duýulýar. Täze eserleri döretmek arkaly hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegine ähli mümkinçilikleri döredýär. 


Okalan sany: 226   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09128 sek. ýüklenen baýt: 31717