Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR
Ýazylan wagty: 14 декабря 2020 Ýazan Merwww

ÜSTÜNLIKLERE  BESLENÝÄR

Hemişe bolşy ýaly, her bir ýylyň ahyrynda ýetilýän sepgitlere, gazanylýan üstünliklere ser salynýar. Edilen işlere berilýän bu seljerme geljek  ýylda ýetilmeli menzillere badalga berýär. Jemlenjek günleri barha golaý gelýän üstümizdäki ýyl hem ata Watanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Sebäbi, ilki bilen bellemeli zat, bu ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagydyr. Türkmen halkynyň parahat, asuda, abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edip gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň dünýä ýaň saljak baýramçylygy üstümizdäki ýylyň buýsançly wakasy bolar.

Şanly ýylymyzda Arkadag Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizde depginli ösüş gazanylýar. Önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygynda gazanylýan üstünliklerem guwandyrýar. Maliýe, saglygy goraýyş, bilim, medeni we beýleki ulgamlarda ýetilýän sepgitlerem şanly ýylymyzda  guwanjymyzy goşalandyrýar. Milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” ynsanperwer syýasatynyň çäklerinde il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaram ýatlamak ýakymlydyr. Şonuň üçinem ýyllary biri-birinden zyýada gelýän zamanamyzda okuw mekdebimiziň talyplarynda ata Watana, mähriban Prezidentimize buýsanjyň çägi ýok.

Okalan sany: 244   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06245 sek. ýüklenen baýt: 30481