Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
MILLI DÄPLERIŇ DOWAMY
Ýazylan wagty: 14 декабря 2020 Ýazan Merwww

MILLI  DÄPLERIŇ  DOWAMY
Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Bitaraplyk - türkmen halkynyň mukaddes ýoludyr. Türkmen döwletiniň bu ýoly saýlap almagynyň çuň taryhy kökleri bardyr. 
Hyzmatdaşlyk etmäge hoşmeýillilik, täze zatlary özüne ornaşdyrmaga ymtylyş, parahatçylyk söýüjilik, sabyr-takatlylyk türkmen halkynyň milli gylyk-häsiýetiniň esasy alamatlarydyr. Türkmen halky şol gylyk-häsiýetlerini saklamagy hem-de häzirki nesillere miras galdyrmagy başarypdyr. Gadymdan gelýän bu ýörelgeler Garaşsyz türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatynda öz beýanyny tapýar. 

Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen birek-birege peýdaly we özara amatly gatnaşyklary ýola goýmagy we ösdürmegi, dünýäde parahatçylygy we halkara howpsuzlygy berkitmäge goşant goşmagy özüniň daşary syýasatynyň esaslary hökmünde kesgitledi. Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy boldy. Şeýle asudalygyň we bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!


Okalan sany: 238   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12253 sek. ýüklenen baýt: 30193