Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
DÜNÝÄDE MÜŇ ADAM...
Ýazylan wagty: 15 декабря 2020 Ýazan Merwww
DÜNÝÄDE
           MÜŇ  ADAM...

Dünýäde müň adam saňa sawçysyn
Ýollan bolsa eger, däldir ol geň zat.
Ýöne şolaň arasynda biriniň
Adyna diýerler Resul Gamzat.

Eger-de ýüz adam ser-sepil bolup,
Seň yşgyňda çekýän bolsa perýady.
Geň görmegin, ýüz adamyň içinde
Resul diýseler biriniň ady.

Eger-de on adam, on sany ýürek
Seni söýýän bolsa möwç alyp, dyňzap.
Gussalaryň gazanynda gaýnaýan
Şol onuň biridir Resul Gamzat.

Söýýän bolsa seni ýekeje adam,
Diýmek, olam bu daglaryň zürýady.
Gelendir ol gaýalaryň gerşinden,
Sorasaň Resul diýerler ady.

Eger hiç kim seni söýmeýän bolsa,
Tukatlyk üstüňe abansa omzap,
Diýmek, onda dereleň bir ýeriňde,
Mazarda ýatandyr Resul Gamzat.
         Resul GAMZATOW
         Dagystanyň halk ýazyjysy.
                     


Okalan sany: 239   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08951 sek. ýüklenen baýt: 32277