Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BERHIZIŇ ÄHMIÝETI
Ýazylan wagty: 15 декабря 2020 Ýazan Merwww
BERHIZIŇ   ÄHMIÝETI
                                
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly 12 jiltlik kitabynda ösümlikleriň dermanlyk täsirleri barada giňişleýin düşünje berilýär. Biz şu makalada onkologiýa keselleriniň öňüni almakda gök önümleriň peýdasy barada durup geçmegi makul bildik. Käbir ösümliklerde (antioksidantlar) düwünmä garşy göreşýän maddalar bar. 

Alymlaryň aýtmagyna görä, käbir iýmitler täze döremeleriň ösmegine getirýär. Ol iýmitler ganda şekeriň mukdaryny köpeldýän iýmitlerdir (ak çörek, makaronlar, arassalanan ösümlik ýaglary). Köp alymlar arassalanan gant täze döremeleri çalt ösdürýär diýip hasap edýärler, ýöne käbir iýmitler düwünmäniň öýjüklerini, özlerini ýok etmäge ýardam edýär. Täze döremelere garşy göreşýän iýmitler şulardyr: naharlara goşulýan kurkuma (sary buga) we imbir (zenjebil). Sarymsak we soganyň hemme görnüşleri. 

Şänikli miweler: erik, garaly, şetdaly we ş.m. Kelemiň hemme görnüşleri, ýöne terligine iýseň has peýdaly. Gara, ajy şokolad, kakaonyň mukdary 70 göterimden az bolmaly däl. Kömelekleriň düwünmä garşy täsirini häzirki zaman alymlary öwrenýärler. Olaryň iň peýdalysy weşenka bilen şampinýondyr (gelin kömelek). Pomidorlar gowy bişirlenden soň, düwünmä garşy göreşýän leptin çykmagyna ýardam edýär. Gök çaý 2-3 käseden az bolmaly däl. Ir-iýmişleriň köp görnüşleri: ülje, malina (bulduragan), gara smorodina (gara garagat) we başgalar. Sowuk usul bilen gysylyp alnan ýaglar zeýtun ýagy.

Alymlar gök önümleri olaryň daşyndaky pestisidler we başga himiki serişdeler aýrylar ýaly gowy ýuwmaklygy maslahat berýärler. Ruhy saglygyňam düwünmäniň öňüni almakda uly ähmiýeti bar.

“Stress” (ruhy dartgynlyk) düwünmäni döredenok, ýöne onuň çalt ösmegine ýardam edýär diýip Gans Selýe hasaplapdyr.

Köp näsaglar gam-gussa, hasrat geçirensoňlar özlerinde düwünme tapylandygyny belleýärler. Alymlaryň subut etmeklerine görä, stressler we tukatlyk immuniteti peseldip, dowamly keselleri ýitileşdirýär we düwünmäniň döremegine we çalt ösmegine sebäp bolýar.


     
Okalan sany: 215   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12499 sek. ýüklenen baýt: 32162