Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ŞANLY TOÝA SOWGAT BOLDY
Ýazylan wagty: 15 декабря 2020 Ýazan Merwww
ŞANLY  TOÝA  SOWGAT  BOLDY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň her bir güni taryhy senelere, şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle bagtyýarlygyň saýasynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş we medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. 

Ýakynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň baýramy mynasybetli Mary şäheriniň Gorkut ata köçesiniň ugrunda 1sany 4 gatly, 24 öýli, 2 sany 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de ýürekleri buýsançly raýatlar gatnaşdylar.

Dabarada, ilki bilen, welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, täze jaýyň açylmagy bilen kalplary buýsançdan doly bagtyýar raýatlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, bu günki günde milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatynyň halkymyzyň durmuşyna çuňňur ornaşdyrylýandygyny nygtady we halkyň eşretli durmuşyna gönükdirilen aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza  çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy.

Dabaranyň dowamynda Mary şäheriniň ýaşaýjysy Muhammetçary Hojakulyýew, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Arkadag Prezidentimize baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda gurduryp beren bu ajaýyp sowgady üçin egsilmez alkyş aýtdylar. 

Baýramçylyk röwşünde bezelen täze binanyň töweregi uly şatlyk-şowhuna beslendi. Döredijilik toparlarynyň belent ruhda  ýerine   ýetiren  şirin  aýdym-sazlary dabara gatnaşýanlaryň şatlygyny goşalandyrdy. 

Dabaranyň ahyrynda Mary şäheriniň jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň tapawutlanan gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaýyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň il--günümiziň bagtyýar geljegi üçin ähli tagallalary durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri dowamly ýaňlandy. 


Okalan sany: 221   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10569 sek. ýüklenen baýt: 32036