Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
YHLASLY ZÄHMETIŇ HÖZIRI
Ýazylan wagty: 15 декабря 2020 Ýazan Merwww
YHLASLY ZÄHMETIŇ HÖZIRI
                                           
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda öňegidişlikler gazanylýar. Şonuň bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolunýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki döwrüň talabyna laýyk bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen okuwa täze barýan ýaş nesillerimize kompýuterler sowgat berlip, olara ýaşlygyndan innowasion tehnologiýa giňden öwredilýär. Häzirki wagtda ähli mekdeplerde multimediýa tagtalaryndan giňden peýdalanylýar.

Sakarçäge etrabyndaky 14-nji orta mekdepde zähmet çekýän ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy Ýazbibi Babalyýewa hem ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde halypa mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Ol 1989-njy ýylda H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Soňra ol ýokarda ady agzalan mekdepde işe başlaýar. Ý. Babalyýewa bu mekdepde 31 ýyl bäri biregne zähmet çekip gelýär. 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Ýazbibi Babalyýewa “Iň göreldeli synp ýolbaşçysy” bäsleşiginde etrapda baş baýraga, welaýatda bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. 

— Ýurdumyzda ähli ulgamlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda hem ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermekde sapaklarymyzyň täsirli geçmegine, şeýle-de, synp otaglarymyzda ýerleşdirilen multimediýa tehnologiýasynyň üsti bilen maglumatlary görkezmäge, okuwçylaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge uly mümkinçilik berýär — diýip, Ýazbibi mugallym gürrüň berýär.

Ýaş nesillere bilim bermekde, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk terbiýelemekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň saglygyny goramakda hem-de dikeltmekde tutumly işler amala aşyrylýar. Döwletli döwranyň, eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň ýokarlanmagy üçin mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri her bir adamyň saglygyny goramagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin göreldedir. Ýurdumyzda ilatyň saglygy ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Häzirki wagtda howanyň düzüminiň hapalanmagy sebäpli döreýän ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen Diýarymyzda ilatyň saglygy ugrunda edilýän aladalar has-da artdy.

Welaýatyň köpugurly hassahanasynyň umumy bejergi beriş bölümine gelýän näsaglar, hem güler ýüz bilen garşy alynýar. Bu bölümiň müdiri Hojaberdi Bäşow we intern lukmany Bahar Atadurdyýewa dagy bejergi almaga gelýänleriň alkyşlaryna eýe bolýarlar. 
                                           
Okalan sany: 37   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06528 sek. ýüklenen baýt: 32816