Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BÄHBITLI MÜMKINÇILIKLER DÖREDILÄR
Ýazylan wagty: 15 декабря 2020 Ýazan Merwww
BÄHBITLI  MÜMKINÇILIKLER  DÖREDILÄR
       
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet ähmiýetli Maksatnamalar kabul edilýär. Şol Maksatnamalaryň biri hem “Energiýany tygşytlamagyň 2018— 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” bolup durýar.

Elektrik energiýasynyň sarp edilýän mukdaryna gözegçilik etmekde elektron hasaplaýjylaryň wezipesi uludyr. Şeýle hasaplaýjylaryň takyk ölçemekligi sarp edijileriň we öndürijiniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary dogry hem-de ikitaraplaýyn bähbitli taraplaryna eýerýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde welaýatyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynda elektrik energiýasynyň elektron hasaplaýjylarynyň döwlet barlagyny we synagyny geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Gullugyň metrologiýa bölüminiň elektrik we magnit ululyklarynyň ölçeg serişdeleri barlagdan geçirilýän barlaghanasy Russiýa Federasiýasynyň “TAÝPIT” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi bolan Newa Tect 6303 görnüşli üç fazaly awtomatiki gurnaw bilen enjamlaşdyryldy. Bu häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda taýýarlanylýan takyklygy ýokary, köp funksiýaly bir we üç fazaly elektron hasaplaýjylaryň barlagyny geçirmek üçin niýetlenen sanly gurnawdyr. Gurnaw elektron hasaplaýjylaryň 20-sini bir wagtda barlagdan geçirmäge mümkinçilik berýär.

Newa Tect 6303 barlag gurnawy optiki we tok impulsly çykyşy bolan elektron hasaplaýjylaryň hem-de induksion hasaplaýjylaryň metrologik häsiýetnamalaryna gözegçiligi we barlagy üpjün edýär.
                                                       
Okalan sany: 223   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12805 sek. ýüklenen baýt: 31324