Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BÄHBITLI ÖSÜŞLERIŇ GERIMI
Ýazylan wagty: 15 декабря 2020 Ýazan Merwww
 BÄHBITLI  ÖSÜŞLERIŇ GERIMI
                            
Her bir gününi ösüşlere besläp, bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halky bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, bolelinlikde ýaşaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli agrar syýasaty bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde telekeçileriň bitirýän işleri örän guwandyryjydyr. Azyk bolçulygynyň döredilmegine telekeçilerimiz öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýokary tehnologiýaly döwrebap, häzirki zaman önümçilik toplumlaryny gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň düzümi täzelenýär. Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklaryny ýylyň ähli paslynda ýokumly gök-bakja önümleri bilen üpjün edýär. Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi hem bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.

Hususy işewürçilik wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goldawlary netijesinde, obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga, ilatyň ekologiýa taýdan arassa, dürli görnüşli azyk we ýokumly önümlerini öndürmegi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän bazaryň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny ynamly özleşdirýärler. Şu günler telekeçilik sebitleriň ählisinde ösdürilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylda geçirilen birinji mejlisinde, hormatly Prezidentimiziň “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Karara gol çekmegi öňde goýlan wezipeleri çözmekde taryhy waka boldy. Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň oktýabrynda daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerinde oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberlerini tassyklady, şol ýer bölekleri Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik taraplara we raýatlara 99 ýyl möhleti bilen peýdalanmaga berilýär.

Ýakynda, TSTB-niň agzasy, telekeçi Maksatmyrat Gurbanmuhammedowyň “Miweli ülke” hususy kärhanasyna, Wekilbazar etrabynyň çäginde, banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirilýän ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin, 99 (togsan dokuz) ýyl möhletli peýdalanmak üçin 50 gektar ýer bölünip berlendigi barada hoş habar gowuşdy. “Miweli ülke” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda esaslandyrylan. Ol döredilen ilkinji günlerinden bäri, ýurdumyzyň ak bazarlaryny ýokary hilli miwe we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça işleri üstünlikli amala aşyryp gelýär. Täze ýyladyşhana toplumynyň işe girizilmegi bilen ýylda 4000 tonna çenli banan, 200 tonna golaý sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýene-de täze iş ýerleriniň peýda bolmagydyr.

Biz ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmekde yzygiderli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.




Okalan sany: 245   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07951 sek. ýüklenen baýt: 33114