Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETLI KITAP
Ýazylan wagty: 15 декабря 2020 Ýazan Merwww
TERBIÝEÇILIK  ÄHMIÝETLI  KITAP
                                       
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eseri türkmen okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ulanan ýol-ýörelgeleri bu kitapda giňişleýin beýan edilýär. Şol ýörelgelere üns berseň, türkmen halkynyň agzybirlige, zähmetsöýerlige, dost-doganlyga aýratyn ähmiýet berendigine göz ýetirýärsiň.

 Men hem öz okuwçylarym bilen geçýän her bir sapagymda Mähriban Arkadagymyzyň kitaplaryny gollanma hökmünde ulanmaklyga çalyşýaryn. Olara türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri bolan zähmetsöýerligiň, doganlyk-dostlugyň we agzybirligiň gadymyýetden bäri dowam edýändigini, durmuşda onuň uly ähmiýetiniň bardygyny düşündirýärin. Bagtyýar durmuşda agzybir ýaşap, kiçilikden dostlaşýan çagalaryň öz ýürek arzuwlaryna ýetýändiklerini hem ýatladýaryn.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze eseriniň agzybirlik baradaky paýhasa ýugrulan çuň manyly sözlerini okap berýärin.

Mähriban Arkadagymyzyň kitaplary terbiýeçilik taýdan örän uly ähmiýeti bolup, täsin maglumatlara baýdygy sebäpli okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýle gymmaty egsilmejek kitaplar uly gyzyklanma bilen okalýar.

Goý, şeýle gymmatly kitaplaryň höwri köp bolsun! Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işleri  rowaçlyklara beslensin! 

                        
Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06571 sek. ýüklenen baýt: 31256